Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň saparlary rahatlygy bozýar


Prezident G.Berdimuhamedowy garşylamaga çykan türkmenistanlylar.

Prezident G.Berdimuhamedowy garşylamaga çykan türkmenistanlylar.

23-nji awgustda Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň ýaşaýjylary öz öýleriniň aýnasyndaky sowadyjy enjamlarynyň (kondisionerleriniň) özlerinden birugsat aýrylmagyndan nägilelik bildirip, protest geçirdiler.

Bu çärä onlarça ýaşaýjylar bilelikde garşylyk görkezdiler we häkimiýetleriň getiren kran ulagynyň öňünde durup, oňa böwet bolansoňlar, ýagdaý üýtgedi. Netijede häkimiýetler split-sistemalary doly aýyrman, olaryň käbirlerini jaýlaryň B.Annanow köçesine bakýan diwaryndan jaýyň arka ýüzüne geçirip, geçirip bolmajaklaryny-da jaýyň diwarynda dikligine bir setire düzüp, olaryň diňe ýüzüni ýapmaly diýen karar geldiler.

Häkimiýetleriň Parahat-7 mikroraýonyndaky split-sistemalary aýyrmak synanyşyklarynyň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmese-de, bu çäräniň prezidentiň şol jaýlaryň ýerleşýän köçesinden geçmeginiň ähtimaldygy bilen baglanyşdyrylýar. Bu barada split-sistemalary aýyrmaga gelen häkimiýet wekilleri hem özara gürrüňdeşlikde aýdýarlar.

Aşgabatdaky saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumynyň ýanyndaky ak reňke boýalan jaý

Aşgabatdaky saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumynyň ýanyndaky ak reňke boýalan jaý

Bilimler we ýaşlar güni bolan 1-nji sentýabrda B.Annanow we Oguzhan köçesiniň çüňkünde gurluşygy tamamlanyp barýan saglygy dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumynyň açylyş dabarasyna prezidentiň gatnaşmagyna garaşylýar. Şol sebäpden häzirki wagtda onuň ýerleşýän töwereklerindäki köçeleri, jaýlary abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasynda onuň barjak ýerlerini abadanlaşdyrmak ýoň boldy. Prezidentiň barýan ýerleriniň töwereklerindäki binalaryň fasadlary reňklenilýär, ýanýodalardyr, köçeler remont edilip, käbir ýerlerde bolsa täzeden asfalt düşelýär. Köçeleriň gyralaryndaky basketler hem dürli-dürli görnüşli we reňkli güller bilen bezelýär. Bir tarapdan bu iş şol ýerleri özgerdýärem. Birnäçe ýyllap abadanlaşdyrylmadyk köçeleriň, binalaryň töwerekleri gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede üýtgeýär.

Oguzhan köçesiniň ugrunda ak reňke boýalan bir jaýyň arka ýüzi

Oguzhan köçesiniň ugrunda ak reňke boýalan bir jaýyň arka ýüzi

Emma şol bir wagtda bu özgerişler ýaşaýjylara birnäçe kynçylyklary-da döredýär. Şolaryň iň bellileri hem ýaşaýjylaryň kondisionerleriniňdir split-sistemalarynyň aýrylmagy. Şeýle-de hemra antennalarynyň hem üçeklere geçirililmegi.

Geçen ýyl paýtagtyň Parahat-6 mikroraýonynda hem Oguzhan köçesiniň ugrundaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň split-sistemalary köçä bakyp duran diwarlaryndan aýryldy. 1-2ýyl mundan ozal tamamlanan Magtymguly prospektiniň ugrundaky köçä golaý ýerleşen jaýlaryň diwarlary abadanlaşdyrylanda hem olardaky split-sistemalar aýrylypdy.

Podýezdiň içinde oturdylan sowadyjy

Podýezdiň içinde oturdylan sowadyjy

Prezidentiň gatnaşmagyndaky dabaraly çäreler sebäpli gyssagly geçirilýän “abadanlaşdyryş” işleriniň ýaşaýjylar üçin ençeme kynçylyklary döredýändigini aşgabatlylar gürrüň berýärler. Split-sistemalaryny ýaşaýan jaýlarynyň fasadyndan aýrylmaly edilen ýaşaýjylar tomus günleri split-sistemalaryndan mahrum bolmazlyk üçin split-sistemalaryny jaýyň podýezdlerinde, ýagny girelgelerinde goýmaly bolýarlar. Girelgelerde goýlan split-sistemalary 30 mikroraýonda, Parahat mikroraýonlarynda görmek bolýar.

Kähalatda bolsa prezidenti garşylamak boýunça gurnalýan bu hili işleriň netijesinde ýaşaýjylar käbir çäklendirmelere uçraýarlar. Mysal üçin, paýtagtyň aeroportunyň täze terminalynyň gurluşygy tamamlanandan soň bu ýerdäki Kosmonawtlar bulwary köçesi boýunça adaty raýatlar üçin hereket çäklendirildi.

Kosmonawtlar bulwary köçesi boýunça adaty raýatlar üçin hereket çäklendirildi

Kosmonawtlar bulwary köçesi boýunça adaty raýatlar üçin hereket çäklendirildi

Täze terminalyň töwereklerindäki ýaşaýyş jaýlaryň diwarlary ak reňkli, mer-mere çalymdaş görünýän gurluşyk materialy bilen örtülip, bu jaýlaryň ýaşaýjylary ady agzalan köçä pyýadalap çykyp bilmezleri ýaly ýörite haýatlar hem dikildi. Bu raýonda hem ýaşaýyş jaýlarynyň köçä bakyp duran diwarlaryndan split-sistemalar aýrylyp, hemra antennalary üçege çykaryldy.

Ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilýän çärelerde şol çäräniň golaýyndaky binalary aklamak hem ýoň boldy. Bu şu ýyl dörän ýagdaý. Ýokarda agzalan Parahat-7 mikroraýonynyň ýaşyl reňkli ýaşaýyş jaýlarynyň, Oguzhan köçesiniň ugrundaky birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň ak reňke boýalmagy muňa mysal bolup biler.

Özi-de bu abadanlaşdyryş işleriniň köpüsi ýüzleý alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň, esasan, köçä bakyp duran diwarlary remont edilip, olaryň arka ýüzüniň diwarlary abadanlaşdyrylmaýar. Bu hili işler geçirilende şol ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş sistemalarydyr, suw geçirijileri abatlandyrylmaýar.

Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtyň Görogly köçesiniň ugrunda «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň we Kardiologiýa ylmy - kliniki merkezli hassahananyň, şeýle-de Görogly köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda täze awtomobil köprüsiniň we ýerasty geçelgesiniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Görogly köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň köçä bakyp duran tarapynyň diwarlary ak reňke boýalyp, arka ýüzüniň diwarlary öňküligine galdyryldy. Bu ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş we suw üpjünçiligi bilen bagly meselelere bolsa häkimiýetler tarapyndan üns berilmedi.

Şol bir wagtda hem kähalatda kimiň inisiatiwasy boýunça bu hili abadanlaşdyrmak işlerine buýruk berilýändigi hem näbelli bolup galýar. 23-nji awgustda Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky split-sistemalary aýyrmagy kimiň buýruk berendigini ýerli ýaşaýjylar anyklap bilmediler.

Çünki bu ýeriň ýaşaýjylary Berkararlyk etrap häkimligine jaň edip şikaýat edenlerinde, häkimlikde bu hili buýrugyň berilmändigini hem-de agzalýan inisiatiwanyň şol ýeriň öý hojalyk uprawleniýesinden çykýandygyny aýdypdyrlar. Öý hojalyk uprawleniýesiniň işgärleri bolsa “ýokardan gelen buýruk” diýen jogap bilen çäklenipdirler. Split-sistemalary aýyrmaga gatnaşan häkimiýet wekilleri bolsa bu işe ygtyýar berýän hiç hili dokument görkezip bilmediler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG