Sepleriň elýeterliligi

Gazada on adam öldürildi


Palestin resmileri Gaza zolagynda, Ysraýylyň metjitleri, jaýlary, serhet geçelgesini nyşana alan howa zarbalarynda on adamyň ölendigini aýdýarlar.

«Roýters» habar gullugy 25-nji awgustda Gazadaky iň beýik binany, 13 gatly ýaşaýyş jaý we ofis toplumyny nyşana alyp, dört raketanyň atylandygyny we 20 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

25-nji awgustda Ysraýylyň demirgazygyna hem azyndan bir raketa atyldy.

Ysraýyl 8-nji iýulda öz operasiýasyna başlaly bäri Gazada 2100-den gowrak adam öldi. Ysraýyl tarapdan bolsa 68 adam öldi.

XS
SM
MD
LG