Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz žurnalisti töhmetde aýyplanýar


Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy, aýdylmagyna görä, Oş regionynda ýaşaýan garaşsyz žurnalisti töhmet atmakda aýyplap, suda berdi.

Garaşsyz žurnalist Şohruh Saipow 25-nji awgustda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna howpsuzlyk gullugynyň özüni maý aýynda Fergana.ru internet saýtynda çap edilen makalasy üçin aýyplaýandygyny aýtdy.

Bu makalada Gyrgyz döwlet howpsuzlyk gullugynyň ofiserleriniň Siriýadaky yslamçy jeňçilere goşulmakda güman edilýän gyrgyz raýatlaryny para bermäge mejbur edýändigi öňe sürülýär.

Saipowyň aýtmagyna görä, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň bölüm başlygy Asylbek Kojabekow özüne ýetirilen zyýan üçin 20 müň dollar tölenmegini isleýär.

Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň metbugat sekretary Rahat Süleýmanow Azatlyk radiosyna bu iş barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Emma ol howpsuzlyk ofiserleriniň para alýandygy baradaky gürrüňleriň esassyzdygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG