Sepleriň elýeterliligi

Premýer çekilmese, ruhany ölmäge taýýar


Yslamabatda hökümete garşy proteste ýolbaşçylyk edýän ruhany, eger-de premýer-ministr Nawaz Şarif 48 sagat içinde işden çekilmese, özüniň ölmäge taýýardygyny aýdýar.

Tahir-ul-Kadri 25-nji awgustda parlamentiň daş işigine ýygnanan müňlerçe protestçä soňky möhleti yglan edende ak kepeni görkezip, onuň ýa özüne, ýa-da Şarifiň hökümetine degişli boljagyny aýtdy.

Onuň bu ultimatumy oppozisiýa syýasatçysy Imran Hanyň 25-nji awgusta bellän soňky möhletiniň dolmagynyň öň ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG