Sepleriň elýeterliligi

Täjik-gyrgyz atyşygynda 4 adam ýaralandy


Gyrgyz serhet goragçylary, aýdylmagyna görä, Gyrgyzystanyň dawaly ýerde uly ýol we köpri gurmak planlaryna garşy protest bildirýän täjik obalylarynyň toparyny oka tutdy.

Bu waka netijesinde dört adam ýaralandy. Ýerli ýaşaýjylar Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna bu hadysanyň 25-nji awgustda, Bobojan Gawur täjik etrabynda bolandygyny aýtdylar.

Ýaralanan protestçileriň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Şu aralykda Interfaks habar gullugy şaýatlara salgylanyp, gyrgyz we täjik serhetçileriniň bir-birine ok atandygyny habar berdi.

Bu wakanyň Batken regionynda, Gyrgyzystanyň goňşulykdaky Leýlek etrabynda bolandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň serhet gullugy bu atyşygyň täjik serhetçileri gyrgyz-täjik serhedindäki bitarap zonada serhet postuny gurjak bolanlaryndan soň başlanandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG