Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko, Putin Minskde duşuşýar


26-njy awgustda Misnkde guralan sammite gatnaşýan liderleriň arasynda rus prezidenti Wladimirr Putin bilen ukrain prezidenti Petro Poroşenko hem bar.

Bu duşuşyk Moskwa bilen Kkiýewiň arasynda gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler sebäpli dörän dartgynlygyň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Sammite Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Ýewropa Bileleşiginiň uly resmileri hem gatnaşýar.

Poroşenko 25-nji awgustda Ukrainanyň parlamentini dargytdy we 26-njy oktýabrda irki saýlawlary geçirmäge çagyrdy.

Şu aralykda Ukraina gündogarda ony sany rus desantçysyny tutandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG