Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasikow: Orsýet barada oňyn filmler alynmaly


Orsýetli kinorežissýor F.Bondarçugyň "Stalingrad" kartinasynyň afişasy.
Orsýetli kinorežissýor F.Bondarçugyň "Stalingrad" kartinasynyň afişasy.

Orsýetiň senatory hökümeti ýurtda Orsýeti melgunlaşdyryp görkezýän daşary ýurt filmleriniň görkezilmegini çäklendirmäge çagyrdy we ýerli kinorežissýorlara bolsa orsýet watançysynyň obrazyny wasp edýän filmleri döretmäge ündedi.

Golliwoodyň filmlerinde köplenç wagşy ýa-da içgili orsy görkezýän obrazlar ýüregiňe düşen bolsa, onda tiz wagtda Orsýet seniň üçin mundan dynmak üçin amatly ýere öwrülip biler.

Orsýetli senator Batu Hasikow 25-nji awgustda “Orsýete garşy” bolan filmleriň görkezilmegine çäklendirme girizmegi teklip etdi. Şeýle-de ol ýerli režissýorlary orsýetli patriotyň il içindäki pozitiw obrazyny döretmäge ündedi.

“Orsýet we Orsýetiň medeniýeti bilen bagly ähli zady açyk melgunlaşdyrýan ýa-da ýöntemleşdirýän we haýasyzlandyrýan filmleriň uly ekranlarda görkezilmeginiň öňüne böwet salmaly” diýip, Itar-Tass habar agentligi Hasikowyň sözünden sitata getirýär.

Kikboksing boýunça öňki dünýä çempiony Hasikow özüniň göz öňünde tutýan filmleriniň sanawyny agzamakdan saklandy we “Filmleri seçip almak üçin şertler Orsýetde hakyky sungat filmleriniň elýeterliligini çäklendirmeli däl” diýdi.

Şol günüň özünde Orsýetiň Medeniýet ministrligi görülmäge mynasyp diýlip kesgitlenen 100 çemesi “klassyky” filmleriň sanawyny çap etdi.

Ministrlige degişli medeniýet websaýtda çap bolan sanawda Çarli Çapliniň (Charlie Chaplin) we Fransis Ford Koppolanyň (Francis Ford Coppola) filmleri, şeýle-de Jeýms Kameronyň (James Cameron) “Titanik” kartinasy agzalýar.

Bu sanawyň Orsýet parlamentiniň ýokarky öýi bolan Federasiýa Geňeşiniň Ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň agzasy Hasikowyň çykyşyna gabatlanyp çap edilip-edilmändigi belli däl.

“Patriotik Blokbaster"

Hasikow Orsýetde dowam edýän “Medeniýet ýylynyň” režissýorlaryň döwletiň goldamagynda watançy filmleri döretmegi üçin amatly pursatdygyny aýdyp, sözüniň dowamynda şeýle bellik etdi: “Häzirki wagtda filmlerimiziň köpüsiniň gahrymanlary görelde bolmaga mynasyp däl”.

Hasikow orsýetlileriň pozitiw obrazynyň gahrymanlary hökmünde 2008-nji ýylda döredilen “Biz geljekki döwürden” (“Мы из будущего”) atly kartinanyň gahrymanlaryny agzady. Bu film häzirki döwrüň ýaşlarynyň geçmişe, ýagny Ikinji jahan urşy döwrüne düşüp, başdan geçiren wakalaryny beýan edýär.

Hasikowyň agzan ýene bir filmi geçen ýylda çykan “Legenda No.17” atly terjimehal görnüşli kartina we ol hokkeýde şohrat gazanan Waleriý Harlamow barada. Bu film prezident Wladimir Putin tarapyndan makullanypdy.

Kasikowyň kommentarileri Orsýetiň hökümetiniň watançy medeniýeti döretmek boýunça alyp barýan giňişleýin kampaniýasyna gabat geldi.

2012-nji ýylda Orsýetiň medeniýet ministri wezipesine bellenen Wladimir Medinskiý taryh boýunça ençeme höwesjeňler kitabyny çap etdi we Orsýet barada günbatarly “hyýallary” dargatmak üçin ýurduň režissýorlaryny göreşli, atyşykly “watançy blokbaster” filmlerini döretmäge çagyrdy.

Medeniýet ministrligi filmleriň maliýeleşdirilmegine hökümetiň gözegçiligini güýçlendirdi. Geçen ýylda orsýetli režissýor Fedor Bondarçugyň “Stalingrad” atly uruşly filmi halkara derejesinde täsir döretdi we ýurduň içinde watançy filmleriň nusgasy hökmünde mahabatlandyryldy.

XS
SM
MD
LG