Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk: Putin we Poroşenko elleşdiler


Çepden saga W.Putin, K.Aşton, A.Lukaşenka we P.Poroşenko, Minsk, 26-njy awgust, 2014.
Çepden saga W.Putin, K.Aşton, A.Lukaşenka we P.Poroşenko, Minsk, 26-njy awgust, 2014.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Minskdäki köptaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda elleşdiler.

Bu duşuşyk Kiýew bilen Moskwanyň arasynda gündogar Ukrainada orsýetparaz pitne bilen bagly dartgynlylygyň güýçlenen wagtynda geçirilýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko regional liderleriň, şol sanda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Minskde geçýän sammitiň Ukraina parahatçylyk getirjegine umyt bildirdi.

Sammitden edilýän umytlar

Poroşenko 26-njy awgustda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda “Men şu günki duşuşygyň ýeke-täk duşuşyk däl-de, birinji duşuşyk boljagyna we netijede parahatçylyga getirjegine tüýs ýürekden ynanýaryn” diýdi.

Şol bir wagtda-da Lukaşenko 26-njy awgustdaky gepleşiklerden uly öňegidişlige garaşmakdan saklanmaga çagyrdy.

Poroşenko Minskde ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton bilen hem aýratynlykda duşuşyk geçirdi.

Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşiginiň sammitine Belarusyň prezidenti Aleksander Lukaşenko, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazabaýew we Ýewropa Bileleşiginiň resmileri gatnaşýarlar.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Kosiýançiç (Maja Kocijancic) Brýusselde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bu gepleşikleri “krizise syýasy çözgüt tapmaga amatly şertleriň döredilmegi boýunça gepleşikler üçin mümkinçilik” diýip atlanyrdy.

Kreml Putin bilen Poroşenkonyň özara gönümel gepleşik geçirmegini aradan aýyrmady, emma ikitaraplaýyn gepleşikleriň boljagyny tassyklamady.

Iki ýurduň liderleri geçen sapar Fransiýada iýun aýynyň başynda 1944-nji ýylyň 6-njy iýunynda Normandiýa goşun girizilen gününiň 70 ýyllygynyň dabarasynda gysga wagtlyk duşuşypdylar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow häzirki duşuşygyň “Ukrainadaky krizisi çözmek maksadyna uýýan syýasy prosese başlamak boýunça tagallalaryň derejesi barada pikir alyşmaga” mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Emma Lawrow ÝB-niň resmileriniň bu gepleşiklere “Ukrainanyň Orsýete garşy göreşi” hökmünde garamaly däldiklerini belledi.

Orsýetiň konfliktdäki "roly"

Mundan öň ÝB we ABŞ, Orsýet separatistleri goldamagy bes etmänsoň, onuň garşysyna sanksiýalary girizdiler. Orsýet muňa jogap hökmünde günbataryň azyk önümleriniň importyny gadagan etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň Goranmak ministrligindäki çeşme günorta-gündogar Ukrainada orsýet-ukrain serhedinden tötänden azaşyp geçen orsýet harbylarynyň ukrain goşunlary tarapyndan ele salnandygyny aýtdy.

Bu çeşmäniň Orsýetiň täzelikler agentliklerine aýtmagyna görä, harbylar, hamana, gözegçilik edýän wagtlary araçägiň belgisiz böleginden tötänden serhetden geçipdirler.

Emma Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy ele salnan 10 harbynyň 98-nji howa-desant diwiziýasynyň esgerleri bolup, olaryň Donetskden 50 kilometr uzaklykdaky Zerkalne obasynyň golaýynda ele salnandygyny aýtdy.

Kiýew Orsýeti Ukrainada pitneçileri goldamakda aýyplap gelýär. Orsýet bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG