Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan aktiwisti baýraga hödürlenýär


Azerbaýjanly hukuk aktiwisti Anar Mammadli 2014-nji ýylda adam hukuklary boýunça Waslaw Hawel baýragyna hödürlenen üç finalistiň biri boldy.

26-njy awgustda Pragada jemlenen panel agzalary Ysraýylyň adam hukuklary topary Btselemi we bosgunçylyk almakçy bolýanlaryň hukuklaryny goraýan halkara Jesüýt bosgun gullugynyň Malta bölümini hem finala goşdy.

Finala çykanlar 56 kandidatyň arasyndan saýlanyp alyndy. Ýeňiji 28 sentýabrda kesgitlener we we bir gün soň yglan ediler.

79 müň dollar pul sylagy bolan baýrak indi ikinji ýyl berilýär. 2013-nji ýylda bu baýraga belarusly hukuk aktiwsti Ales Býalýatski mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG