Sepleriň elýeterliligi

Rus žurnalistine hüjüm edildi


Orsýetiň Saratow şäherinde bir derňewçi žurnalist näbelli hüjümçiler tarapyndan gazaply ýenjildi.

Wolga derýasynyň boýundaky şäheriň polisiýasy ýerli «Obşestwennoe mneniýe» žurnalynda jenaýatçylyk barada ýazýan žurnalist Aleksandr Krutowa 26-njy awgustda, kwartirasyndan çykanda iki sany adamyň hüjüm edendigini aýtdy.

Hüjümçiler Krutowy demir taýak bilen urupdyrlar we ol hassahana ýerleşdirildi. Bu Krutowa Saratowdaky 20 ýyllyk žurnalistlik işinde dördünji gezek hüjüm edilişidir.

Ol özüniň derňew makalalary üçin giňden tanalýar we birnäçe baýraga mynasyp boldy.

Kärdeşleri bu hüjümiň onuň işi bilen bagly bolmagynyň örän mümkindigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG