Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý NATO sammitine gatnaşmaz


Owgan prezidenti Hamid Karzaýyň sözçüsi onuň geljek hepde NATO-nyň sammitine gatnaşmajakdygyny, munuň Waşington bilen ylalaşmazlyklar sebäplidigini aýtdy.

Aýmal Faýzi «Roýter» habar gullugyna bu ylalaşmazlyklaryň daşary ýurt goşunlarynyň köp bölegi 2014-nji ýylyň aýagynda ýurtdan çykandan soňky owgan howpsuzlyk zerurlyklary bilen baglydygyny aýtdy.

Faýzi 4-5-nji sentýabrda Weýlsde geçjek sammite ýa indiki owgan lideriniň, ýa-da häzirki hökümetiň agzasynyň gatnaşjagyny aýtdy.

Bu sammitde NATO-nyň söweş goşunlary ýurtdan çykandan soň owgan howpsuzlyk güýçlerine berilmeli kömek kesgitlenmeli.

XS
SM
MD
LG