Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl, Palestina ýaraşyga razy boldy


Ysraýyl we Gaza zolagyndaky palestin jeňçileri soňy bellenmedik ýaraşyga razy boldular, bu ýaraşyk ýedi hepdelik Gaza konfliktini soňlamaga gönükdirilen gepleşikleri gaýtadan başlamagy maksat edinýär.

Ýaraşyga Müsür araçylyk etdi we ol 26-njy awgustdan başlanýar. Ysraýyl Gazanyň gabawyny gowşadyp, Hamazyň kontrolluk edýän territoriýasyna ynsanperwer we gurluşyk materiallarynyň getirilmegine ýol berer.

Beýleki meseleler – Hamazyň Ysraýylyň Gaza zolagynyň gabawyny bes etmegi we Ysraýylyň Hamazyň ýaragsyzlanmagyna çagyrmagy baradaky gepleşikler bir aý içinde Kairde başlanmaly.

Bu ylalaşyk Ysraýyl bilen Palestinanyň Gaza zolagynda atyşygy dowam edýän wagtynda gazanyldy.

50 güne çeken söweşde palestinalylardan 2100-den gowrak, ysraýyllylardan 69 adam öldürildi. Ysraýyldan ölenleriň ikisi ýaraşygyň yglan edilmeziniň öň ýanynda, minomýot okundan wepat boldy.

XS
SM
MD
LG