Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky deputat atylyp öldürildi


Ozalky gyrgyz deputaty Gyrgyzystanda atylyp öldürildi. Aýdylmagyny görä, onuň guramaçylykly jenaýatçylyk bilen baglanyşygy bolupdyr.

«Geniý» lakamly Altynbek Arzymbaýew 26-njy awgustda, Bişkegiň merkezinde tüpeňlendi.

Ol biraz soň hassahanada jan berdi. Bişkegiň polisiýa sözçüsi Azatlyk radiosyna Arzymbaýewiň ýüzi maskaly adam tarapyndan tüpeňlenendigini we onuň wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidendigini aýtdy.

Arzymbaýew 2012-nji ýylda demirgazykdaky Karakol şäherinden ýerli deputatlyga saýlanypdy. Ýöne geçen aý, jenaýatçylykly geçmişi belli bolandan soň, ol wezipelerinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG