Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiten ýyldyz


Bally Hajy
Bally Hajy

Sag-salamat gezip ýörenliginde, Bally Hajy şu günlerde 55 ýaşyny toýlamalydy. Bu asla uly ýaş däl, ýöne ol 40 ýaşdan geçip-geçmän aradan çykdy. Biwagt ölüm onuň zehinine agyr zarba urdy.

Zehin

Aşa mylaýym sesli bu ýigit 80-nji ýyllarda tanalyp başlady. Owal başda akkordeonyň ýanynda aýdym aýdýardy. Mary ilinde bu usuly Mämi Çaryýew ýola goýupdy hem meşhurlyga ýetiripdi. Tiz wagtdan Bally klawişli saz guralyna geçdi. Sebäbi onuň mümkinçiligi artykdy.

Ençeme saz gurallarynyň öwüşginini özünde jemleýän “Ýamaha” çaklaňja bir orkestriň ornuny tutýardy. Aýdymçy üçin diýseň amatlydy, birnäçe adamy, ençeme sazandany bir ýere jemlemek hem olar bilen bileleşikli işlemek zerur däldi. Bar iş bir adamyň elinden gelýärdi. Sähel wagt içinde bu saz guralynda meşhurlyk gazanan sazandalar boldy. Olardan iň tanymaly Çary Hekim bolsa gerek. Onuň çalýan sazlary Leýla Şadurdyýewanyň aýdymlaryny bezedi.

Bally Hajy bolsa “Ýamahada” hem saz çaldy, hem aýdym aýtdy.

Şol döwürde Mary hem Tejen sebitlerinde şeýle gürrüň ýaýrady. “Iň gymmat bahaly “Ýamaha” Ballyda barmyşyn” diýýärdiler. Bu hakykatmy ýa-da dälmi, aýtmak kyn, ýöne iň gowy sesli, iň baý hem çylşyrymly owaz döredip bilýän gural Ballynyň elindedi. Onuň döredýän owazy, aýdymlar arasynda çalýan sazlary täsin hem ýakymlydy.

Bir gezek men bu ýagdaýy bir bilermenden soradym.

Ol uzak ýaýdanyp durdy.

– Elbetde, Ballynyň saz guraly gymmat bahaly. Şol döwürde ony Moskwadan alyp bolýardy. Ýöne gep onuň bahasynda däl. Ony göwnejaý düzmek gerek. Ol programma boýunça saz çalýar. Düzeniňden soň, çalmagy başarmaly. Bally örän ukyply, üstesine-de mukama aşa düşbi. “Ýamahadan” mümkin bolan baý hem ýakymly owazy alyp bilýär.

Şöhrat

Megerem, bu şeýledir. Ukyply aýdymçy derrew tanaldy. Onuň aýdan “Ala gaýyşly”, “Balam seni”, “Nowaýy”, “Aglaryn” ýaly halk aýdymlary merkezi radiodan berlip başlandy.

Ballynyň aýdym aýdyş usulyna eýerýän ýaşlar peýda boldy.

Ol beýleki bir tarapdan, beýik halypa Sahy Jepbaryň Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna döreden aýdymlaryny özüçe, ýaňadan janlandyrdy.

Üçünji üstünligi bolsa Magtymgulynyň eserlerinden ýa-da şonuň adyna berilýän eserlerden bolan dini aýdymlary aýtdy. Merkezi radiodan goýberilmese-de, Perestroýkanyň döreden şertine görä, halk arasynda dini aýdymlaryň aýdylmagyna gadagançylyk ýokdy.

Talap hem isleg

80-nji ýyllaryň abadançylyk döwründe, halkyň maddy-hal ýagdaýy gowulaşyp, toýlar uludan tutulyp başlandy. Şonuň bilen birlikde täze toýlar kada öwrüldi.

Durmuşa çykýan gyz öz joralary hem oba ýaşlary bilen uly toýdan öňinçä, gyzlar agşamyny geçirýärdi. 80-nji ýyllaryň aýagynda şol agşamyň iň baý hem derejeli bezegi Bally Hajy boldy. Mary hem Tejen sebitlerinde durmuşa çykýan gyz öz toýunda Ballynyň aýdym aýtmagyny isleýärdi.

Ballynyň bahasy birden ýokary göterildi. Azyndan bir aý öňünden onuň bilen wagt gepleşmelidi. Ýöne onuň aýdymlary toý bezegi bolman, uly iliň guwanjyna öwrülip biljekdi. Ady bar, abraýy bar bolsa-da, beýik aýdymlary halk arasynda ýol alyp baranokdy.

Gaýdyş

Yurt Garaşsyzlygyny alansoň, “Ýaňlan, Diýarym” atly tele bäsleşigi ýola goýuldy. Bu bäsleşik ençeme aýdymçynyň halk arasynda giňden tanalmagyna hem täze aýdymlaryň döremegine ýol açdy.

Bally şu mümkinçilikden peýdalanyp biljekdi. Hut şu bäsleşikde ýeňiş gazanyp, özüni tutuş ýurda ykrar etdirmelidi. Emma onuňky bolmady. Emin agzalary onuň çykyşyna kembaha garadylar. Ol bu bäsleşigiň ahyrky, jemleýji tapgyryna gatnaşmady ýa-da oňa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Şol döwürlerde aýdymçylara dürli atlar berilýärdi. Öňki adyny ýitirenler öz atlaryny ýaňadan gaýdyp aldylar. Öň köpçüligiň öňünde çykyş etmäge hukugy bolmadyklar “halk bagşysy” diýen iň beýik derejäni gazanyp, merkezi telewideniýede sagatlap çykyş edýärdiler. Olar prezidentiň ýolbaşçylygyndaky resmi delegasiýa goşulyp, dürli ýurtlara gidýärdiler hem çykyş edip gelýärdiler.

Bally bularyň barysyndan mahrumdy. Ol edil unudylan ýalydy. Oňa ne at berildi, ne-de onuň çykyşy merkezi telewideniýede görkezildi.

Şeýdip, kiçi toýlaryň bezegi bolup, uly toýa ýetip bilmedi.

Ol, megerem, bu parhsyzlyga uzak çydamady.

Bar bolan resmi çeşmelerde Bally Hajy 1959-njy ýylyň 8-nji sentýabr aýynda dünýä indi diýilýär. 2000-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-na hem aradan çykypdyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiridir.

XS
SM
MD
LG