Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa krizise batdy


Tripoliniň halkara aeroportunyň golaýynda söweşleriň geçen ýeri, Liwiýa, 21-nji awgust, 2014.

Tripoliniň halkara aeroportunyň golaýynda söweşleriň geçen ýeri, Liwiýa, 21-nji awgust, 2014.

Liwiýada zorluk ýitileşdi. Bu ýerde uruşýan iki sany ýaragly topar ýurduň iki uly şäherini eýelemek ugrunda söweşýärler. Biz zorlukly hereketlerde esasy rol oýnaýanlara we gerimi barha giňäp barýan urşa syn edýäris.

Ýaragly toparlaryň arasyndaky söweşler Liwiýada bulaşyklygy döretdi we 2011-nji ýylda diktator Muammar Kaddafiniň agdarylmagyndan soňky döwürde ýüz beren iň güýçli zorluklary tutaşdyrdy.

Täsirli yslamçylar bilen milletçileriň arasyndaky güýçli söweşler paýtagt Tripolide we ýurduň gündogarynda ýerleşýän Bengazi şäherinde dowam edýär. Milli goşunyň gowşaklygy sebäpli hökümet söweşijilere garşy çykmaga we zorlugyň öňüni almaga ukypsyz.

Liwiýanyň öňki we täze saýlanan parlamentleriniň arasynda häkimiýet ugrunda dowam edýän göreş bilen bir wagtda söweşleriň güýçlenmegi ýurduň graždan urşuna gark bolmagy barada howatyrlanmalary artdyrýar.

Esasy gatnaşyjylar

Tripolidäki zorlukly hereketlerde esasy rol oýnaýanlaryň biri Misrataly yslamçylar bilen bagly güýçler, beýlekisi Zintan söweşiji topary. Liwiýanyň günbataryndan bolan bu iki topar Tripolini söweş meýdanyna öwürdiler we BMG-ni hem daşary ýurt ilçihanalaryny öz işgärlerini bu ýerden göçürmäge mejbur etdiler.

Misrata söweşijileri 23-nji awgustda Tripoliniň halkara aeroportuny üç ýyl bäri öz elinde saklan Zintan söweşijileriniň elinden basyp alansoň, aýgytly ýeňiş gazanandyklaryny yglan etdiler.

Zintan söweşijileri Tripoliniň daşyna çekildiler we Misrata söweşijileri şäheri eýelediler.

Ýurduň gündogarynda ýerleşýän Bengazi şäherindäki söweşlere ýaragly toparlaryň ençemesi gatnaşýarlar.

Olaryň biri - ”Ansar al-Şariýa” atly ekstremistik yslamçy söweşiji topardyr. Bu topar 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Bengazidäki konsulhanasyna edilen hüjümiň, ABŞ-nyň ilçisi Kristofer Stewensiň we ilçihananyň ýene üç işgäriniň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Bu şäherde söweşler ”Ansar al-Şaria” bilen beýleki iki sany milletçi ýaragly toparyň arasynda gidýär. Bu iki toparyň biri ”Al-Saýganyň” söweşijileri Liwiýanyň ýörite güýçleriniň öňki wekillerinden düzülen, beýlekisi-de dönüklik eden general Halifa Haftaryň baştutanlygynda hereket edýän ýaragly topar.

Liwiýanyň nebite baý günorta bölegi Nebit kärhanalarynyň geňeşiniň lideri Ibrahim Jadhranyň gözegçiliginde saklanýar. Bu gurama ýurduň wajyp nebit önümçiligini goramak maksady bilen döwletiň gözegçiligine alnypdy. Emma Jadhran hökümeti korrupsiýada aýyplady we soňky wagta çenli Liwiýanyň nebit eksport terminallaryny böwetledi.

Şol bir wagtyň özünde-de söweş uçarlary Misratanyň Tripolidäki pozisiýalaryna we Bengazide yslamçylaryň gözegçiligindäki giňişliklere hüjüm etdiler. Misrata bu hüjümleri amala aşyrmakda Müsüri we Birleşen Arap Emirliklerini aýyplady.

ABŞ-nyň resmileriniň ady agzalmazlyk şerti bilen Frans Press agentligine (AFP) 25-nji awgustda aýtmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň uçarlary ýedi günüň dowamynda Misrata toparynyň söweşijilerine garşy iki gezek hüjüm edipdir we munuň üçin Müsürdäki bazalardan peýdalanypdyr. Birleşen Arap Emirlikleri muny kommentirlemedi, Kair muňa öz gatnaşygyny ret etdi.

Hökümetiň ukypsyzlygy

Merkezi hökümetiň gowşaklygy milli armiýanyň ukypsyzlygyna we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmekde dürli harby toparlara daýanmagyna getirdi.

Emma hökümet bu toparlara gözegçilik etmäge ukyply däl. Ýaragly toparlar hökümetden aýlyk alýandygyna garamazdan, öz ýolbaşçylarynyň isleglerine görä hereket edýärler.

Mysal üçin, Zintan söweşijileri 2011-nji ýylda Tripoliniň aeroportuny öz eline alansoň, hökümet tarapyndan olara bu ýere gözegçilik etmek işi tabşyryldy. Emma olar soň bu ýerden çekilmek islemediler.

Misrata söweşijileri hem Goranmak ministrliginiň aýlygynda otyr.

Ýagdaýy hasam çylşyrymlaşdyrýan ýene bir mesele toparlaryň ikisi-de Liwiýanyň rewolýusion hereketi (LROR) atly ýene bir toparyň hüjümi astynda galýar. Döwletden aýlyk alýan bu topara hökümet tarapyndan geçen ýylyň oktýabr aýyndan öň paýtagty goramak işi tabşyrylypdy.

Kaddafiniň wezipesinden çekilmegine getiren kampaniýanyň dowamynda häzirki wagtda bir-birine garşy söweşýän toparlaryň köpüsi bir güýç bolup hereket edipdi, emma şondan soň duşmana öwrülip, söweş meýdanyna çykdylar.

Kembrij uniwersitetinde Liwiýa boýunça professor George Joffe häzirki wagtda Liwiýada 350 çemesi ýaragly toparyň hereket edýändigini aýdýar.

“Olaryň her biri aýratyn güýç merkezine wekilçilik edýär we beýleki toparlar bilen häkimiýeti paýlaşmak islemeýär. Üstesine, bu toparlaryň regional we tire-taýpalara degişliligi bilen bagly sowal hem ýüze çykýar”.

Iki bäsdeş hökümet

Liwiýada söweşleriň güýçlenmegi bilen bilelikde bu ýerde bir-birine garşy çykyş edýän parlamentleriň arasynda hem göreş gidýär.

Liwiýanyň 35-nji iýunda täze saýlanan parlamenti Tobruk şäherinde ýerleşýär. Häkimiýet başyndan çekilmekden boýun gaçyrýan öňki parlament bolsa Tripolide.

Täze parlament milletçi, öňki bolsa yslamçy. Olaryň ikisi-de bir-biriniň kanunydygyny ykrar etmekden boýun gaçyrýarlar.

Liwiýanyň öňki parlamenti 25-nji awgustda ýygnanyp, ýurduň häzirki wagtlaýyn hökümetini dargatmak we yslamçy Omar al-Hassiniň ýolbaşçylygynda täze “milli halas ediş hökümeti” döretmegiň tarapyny tutup, ses berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de täze saýlanan parlamentiň kanunçykaryjylary Tripolini öz gözegçiliginde saklaýan yslamçylary “terrorçy guramalar” diýip atlandyrdylar we ýurduň goşunbaşysyny yslamçylar bilen baglanyşykda aýyplap, wezipesinden çetleşdirdiler hem-de bada-bat “terrorçylara” garşy uruş yglan eden täze bir goşubaşyny wezipä bellediler.

Liwiýanyň premýer-ministri Abdullah al-Thinniniň baştutanlygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Tripola dolanyp barmaga mümkinçiligi ýok.

Graždanlyk urşa alyp barýan ýoda

Şeýle ýagdaýda köp analitikler giň gerimli graždanlyk urşunyň boljakdygyny çak edýärler.

George Joffe “bu graždanlyk urşuna getirýän gutulgysyz ýagdaýa örän ýakynlaşdy” diýdi. Ol graždanlyk urşunyň iki frontdan ybarat boljagyny çak edýär.

“[Uruşlaryň] biri milletçileriň we yslamçylaryň arasynda bolar” diýip, Joffe şol bir wagtda-da beýleki urşuň ýurduň gündogarynyň we günbatarynyň arasynda boljagyny duýdurýar. Onuň sözlerinden çen tutsaň, onda şeýle ýagdaýda ýurduň bütewi galyp-galmajagy sorag astyna düşýär we onuň Tripoliniň gözegçiliginde boljagy-bolmajagy ýa-da gündogardaky Kirenaika regionynyň-da bölünip, bu sebitiň Bengazi tarapyndan dolandyrylmagy ýaly meseleler orta çykyp biler.

XS
SM
MD
LG