Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Yrakdaky türkmenlere kömek bermekçi


Birleşen Ştatlar, aýdylmagyna görä, demirgazyk Yrakda hepdeläp «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň basyşy astynda galan şaýy türkmenlere ynsanperwer kömegini ibermegiň pikirini edýär.

Amerikan resmileriniň 27-nji awgustda aýtmagyna görä, adminstrasiýa kürt territoriýasynyň golaýynda ýerleşýän Amirli şäherindäki 12 müňden 15 müňe çenli adamyň azyk-suwa elýetersiz galmagyna ünsi gönükdirdi.

Eger bu iş makullansa, bu kömek missiýasy Birleşen Ştatlaryň şu ýakynda Yrakdaky ikinji harby ynsanperwer interwensiýasy bolar.

Amerikanyň ýük uçarlary şu aýyň başynda, ABŞ-nyň howa zarbalary «Yslam döwletiniň» pozisiýalaryny nyşana alýarka, demirgazyk Yrakda Ýezidi mezhebiniň agzalaryna tonnalap azyk we suw taşladylar.

Şeýle-de 27-nji awgustda, habarlarda aýdylmagyna görä, şäheriň gabawyny böwüsmek üçin, Yragyň howpsuzlyk güýçleri we şaýy milisiýasy Amirliniň töwereginde jemlendiler.

XS
SM
MD
LG