Sepleriň elýeterliligi

Eýran dron golaýdan uçuryldy diýýär


Eýranyň bir harby resmisi Natanz ýadro desgasynyň golaýynda urlup ýykylan adamsyz uçaryň Eýranyň demirgazygyndaky öňki sowet respublikasyndan uçurylandygyny aýtdy.

Brigada generaly, Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň komandiriniň orunbasary Massud Jazaýeri Tähranyň ýarym resmi «Fars» habar gullugyna beren gürrüňinde anyk haýsy ýurdy nazarda tutýandygyny aýtmady.

Emma ol Tähranyň, eger kompensasiýa çäresini görmese, ol ýurduň adyny aýtjagyny aýtdy.

Eýranyň rewolýusiýa gwardiýasy 25-nji awgustda Natanzyň golaýynda Ysraýylyň adamsyz uçaryny urup ýykandygyny aýdypdy.

Bakuwdaky resmiler ol dronuň Aberbaýjanyň territoriýasyndan uçurylandygyny ret etdiler we munuň heňe gelmeýän prowakasiýadygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG