Sepleriň elýeterliligi

ABŞ žurnalistiň urulmagyny ýazgarýar


Birleşen Ştatlar ýurduň Nahçiwan regionynda bir azeri žurnalistiniň we hukuk aktiwistiniň urlup-enjilmegini ýazgaryp çykyş etdi.

Ilgar Nasibowa 21-nji awgustda giçlik, Nahçiwandaky resurs merkezinde, welaýatda işleýän ýeke-täk garaşsyz hukuk guramasynda otyrka näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi.

Gazaply urlup-enjilen, köp gan ýitiren Nasibow huşsuz ýagdaýda tapylyp, hassahana ýerleşdirildi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 27-nji awgustdaky beýanatynda bu işde günäkärleriň jogapkärçiligi çekilmegine, Azerbaýjanyň hökümetiniň söz, ýygnanyşmak, bileleşmek hukuklarynyň goralmagy üçin gyssagly çäre görmegine çagyrylýar.

XS
SM
MD
LG