Sepleriň elýeterliligi

Orsýete Ukraina sebäpli basyş edilýär


Germaniýa Moskwadan rus harbylarynyň gündogar Ukrainadaky gatyşmalary barada aýdylýanlar üçin düşündiriş talap etdi.

German kansleri Angela Merkel 27-nji awgustda rus prezidenti W.Putin bilen bolan telefon gürrüňinde bu habarlaryň düşündiriş talap edýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň ýagdaýlaryň asudalaşmagyndaky esasy jogapkärçiliklerine basyş etdi diýip, Merkeliň sözçüsi aýtdy.

Şu aralykda ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň Orsýet tarapyndan Donetskdäki we Luganskdäki ukrain hökümet güýçlerine garşy gönükdirilen garşylykly hüjüm ýola goýulýar diýip güman edýändigini aýtdy.

Biraz öň Nowoazowsk şäheriniň häkimi orsýetçi söweşijeleriň onlarça harby tehnikanyň goldawynda şähere girendiklerini aýdandan soň, Kiýew özüniň Azow deňziniň boýundaky şähere goşmaça güýç iberýändigini yglan etdi.

Ukraina Orsýet güýçleriniň separatistleriň hüjümlerine goldaw berýändiklerini aýdýar. Moskwa pitneçilere ýarag berýändigini we Ukraina goşun iberýändigini inkär edýär.

XS
SM
MD
LG