Sepleriň elýeterliligi

BMG: 3 million adam Siriýadan gaçyp çykdy


BMG-niň bosgunlar boýunça agentligi Siriýada dowam edýän graždan urşunyň 3 million adamy ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur edendigini aýdýar. Maglumata görä, bosgunlaryň sany geçen ýylkysyndan bir million artypdyr.

Ženewada ýerleşýän agentlik ýurduň çäginde 6.5 million siriýalynyň öz öýlerini terk etmeli bolandygyny aýtdy.

BMG-niň bosgunlar boýunça baş komissary Antonio Guterres 29-njy awgustda eden beýannamasynda Siriýadaky krizis “döwrümiziň iň uly ynsan betbagtçylygyna öwrüldi” diýdi we Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda konflikt başlanaly bäri ýurt ýaşaýjylarynyň ýarysyna golaýynyň uruşdan gaçyp öz öýlerini terk edendigini aýtdy.

Uruşdan öň Siriýanyň 23 million ilaty bardy.

XS
SM
MD
LG