Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ýer süýşmesinde aman galanlar gözlenýär


Halas edijiler Hytaýyň günorta-günbatarynda bolan güýçli ýer süýşmesinde aman galanlary gözleýärler. Bu betbagtçylykda azyndan 14 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

29-njy awgustda döwlet mediasynyň habar bermegine görä, Guizhou welaýatynda ýumrulan obalara 600 halas ediji iberilipdir. Olaryň diri adamlaryň bardygyny anyklamaga ýardam berýän elektronik serişdeler bilen üpjün edilendigi aýdylýar.

Regionda üç günläp domam eden güýçli ýagyşlaryň netijesinde 27-nji awgustda emele gelen ýer süýşmesi zerarly ýene 11 adam ýitim hasaplanýar we 22 adam ýaralanan. “Ksinhua” resmi habar agentligi tebigy betbagtçylykda 77 jaýyň ýumrulandygy ýa-da ýeriň astynda galandygy barada habar berdi.

Döwlet agentligi ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, olaryň hökümete şikaýat edip, magdan önümçiliginiň dag eteginiň topragyny gowşadandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG