Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ukrainadaky uruşdan 2600 adam öldi


BMG-niň täze hasabatynda Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän konflikt zerarly şu ýylyň aprel aýynyň ortasyndan bäri 2 600 çemesi adamyň wepat bolandygy aýdyldy.

Maglumatda ýurtda adam hukuklarynyň “gödek depelenmegi”, şol sanda, adam ogurlygy we gynamalar ýaly eden-etdilikler nygtalýar we munuň ilkinji nobatda Orsýete tarapdar separatistler tarapyndan amala aşyrylýandygy aýdylýar.

29-njy awgustda Ženewada we Kiýewde köpçülige hödürlenen bu hasabatda Ukrainanyň goşunlarynyň giňişlikleri gozgalaňçylaryň elinden almak boýunça tagallalarynda amala aşyran zorluklary hem hasaba alyndy.

BMG wepat bolýanlaryň sanyny günde 36 adam çemesi, diýip kesgitleýär we heläkçilikli wakalaryň çürt-kesik köpelmeginiň sebäplerini söweşleriň gür ilatly ýerlerde alnyp barylmagy bilen düşündirýär.

XS
SM
MD
LG