Sepleriň elýeterliligi

“Yslam döwleti” jezaly wideo ýaýratdy


“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri Yrakda ýesir düşen kürt söweşijisiniň kellesiniň kesilmegini görkezýän wideony ýaýratdy.

28-nji awgustda ýaýradylan ýazgyda Yragyň kürt liderlerinden ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygy bes etmek talap edilýär. ABŞ Yragyň demirgazygynda söweşijilere garşy howa zarbalaryny amala aşyrýar. Wideodaky jezalandyryş “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň gözegçiliginde saklanýan Mosul şäheriniň Baş metjidiniň öňünde surata düşürilipdir.

Wideoda kürtleriň Peşmerga toparynyň söweşijileri diýilýän ýene 14 ýesir görkezildi we eger kürtleriň regional hökümeti ABŞ bilen gatnaşyklaryny bes etmese olaryň hem öldüriljekdigi aýdyldy.

Munuň öňüsyrasynda “Yslam döwleti” Siriýanyň demirgazygynda ýesir alnan 160-dan gowrak siriýaly esgeriň öldürilmegini görkezýän ýazgyny hem ýaýratdy. Ondan öň amerikan žurnalisti James Foleýiň öldürilmegini görkezýän wideo ýaýradyldy.

XS
SM
MD
LG