Sepleriň elýeterliligi

Tussaglaryň idegi dowam edýär


"Olary diri görkez" kampaniýasynyň emblemasy

"Olary diri görkez" kampaniýasynyň emblemasy

«Olary diri görkez!» kampaniýasy zorlukly ýitirim bolmalaryň pidalarynyň 30-njy awgustda bellenilýän Halkara gününe gabatlap, ýörite beýanat ýaýratdy.

«Türkmenistanda onlarça adam zorlukly ýitirim bolma sezewar edildi, olaryň käbiri barada on ýyldan gowrak wagt bäri hiç zat belli däl» diýip, beýanatda bellenilýär.

«Türkmenistanyň häkimiýetleri ýitirim bolan adamlaryň ykbaly we ýerleşýän ýeri barada olaryň garyndaşlaryna haýal etmän maglumat bermeli hem-de ýakynlarynyň olar bilen görüşmegine ýol açmaly» diýip, 25 çemesi ýurtdan «Olary diri görkez» kampaniýasyna goşulan hukuk goraýjy guramalar koalisiýasynyň 29-njy awgustda Ženewadan ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ýitirim bolanlaryň köpüsine 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, 2000-nji ýyllaryň başynda, birnäçe köpçülikleýin tussag etmeler tolkunynda we adalatsyz sud proseslerinde, galp aýyplamalar esasynda uzak möhletli ýyl kesildi, ýitirim bolanlaryň köpüsi ozal döwlet wezipelerini eýelän, soňra ýurduň şol wagtky ýulbaşçysynyň gözünden düşen adamlardy diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

«Türkmenistanyň häkimiýetleriniň on ýyldan gowrak wagt bäri dymýandygy üçin, zorlukly ýitirimçilige sezewar bolanlaryň hossarlarynyň köpüsi öz garyndaşlarynyň diridigini ýa ýogalandygyny hem bilmeýär – diýip, kampaniýa gatnaşyjy guramalaryň (Crude Accountability) biriniň direktory Keýt Wotters aýdýar. –Häkimiýetler muny bes etmeli we azyndan öz türmä basan adamlarynyň hossarlaryna olaryň ýakynlarynyň diridigini ýa ölendigini aýtmaly.»

Zorlukly ýitirim edilmeler problemasy

BMG 30-njy awgusty, bütin dünýäde zorlukly ýitirim edilmeler problemasyna ünsi çekmek üçin, zorlukly ýitirim bolmalaryň pidalarynyň Halkara güni diýip yglan etdi. «Olary diri görkez» kampaniýasy şu güne gabatlap, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň tussaglara hemişe garyndaşlary, aklawçylar, degişli garaşsyz guramalaryň wekilleri, şol sanda Gyzyl Hajyň we BMG-niň ekspertleri bilen duşuşmaga rugsat bermelidigini ýatladýar.

«Kampaniýanyň başlanany bäri geçen ýylyň dowamynda birnäçe döwlet, hökümetara guramalary, Türkmenistanyň we beýleki köp ýurtlaryň ýaşaýjylary biziň ýitirim edilen adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň esasy hukuklaryny dikeltmek baradaky çagyryşlarymyzy goldady – diýip, kampaniýa goşulan rus guramasynyň (Demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş merkezi) prezidenti Ýuriý Jibladze aýdýar. – Indi türkmen häkimiýetleriniň herekete geçmegine wagt ýetdi.»

«Olary diri görkez» kampaniýasyna gatnaşyjylaryň pikirlerine görä, zorlukly ýitrim bolma sezewar edilenler barada on ýyldan gowrak wagt bäri maglumat berilmezligi olaryň garyndaşlary üçin gynag bolup durýar.

"Olary ölüme höküm etmediler ahyryn"

«Adamlary, goý adalatsyz hem bolsa, azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardylar, emma olary ölüme we unudylmaga höküm etmediler ahyryn» diýip, kampaniýa goşulan norweg guramasynyň (Norweg Helsinki komiteti) başlygy Lene Wettelan aýdýar.

Halkara kanunçylygynda adamy zorlukly ýitirim etmek doly gadagan we günäkärleri jogapkärçilige çekmäge esas berýän agyr jenaýat hasaplanýar. Bu Raýat we syýasy huukuklar baradaky halkara paktynyň, Adam gynamalaryna garşy konwensiýanyň düzgünleriniň gödek bozulmasy bolýar we Türkmenistan hem bu şertnamalara gatnaşyjy ýurt bolup durýar diýip, «Olary diri görkez» kampaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

«Berdimuhamedow häkimiýete gelenden soň, zorlukly ýitirim edilmeleriň soňuna çykmalydy – diýip, Hýuman Raýts Wotç guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy. – Zorlukly ýitirimçilik adam ýitirim bolup, onuň ykbaly we ýerleşýän ýeri barada hiç bir zat bilinmeýän wagtyň bütin dowamyna uzaýan jenaýatdyr. Berdimuhamedow bu ugurda näçe uzak hereket etmese, onuň hökümetiniň bu edilýän jenaýata dahyllylygy hem şonça ulalar» diýip, Reýçel Denber sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG