Sepleriň elýeterliligi

Dört ýaşly çaganyň ejesi tussag edildi


Bibi Rahmanowa ogly bilen

Bibi Rahmanowa ogly bilen

Daşoguz welaýatynda dört ýaşly çaganyň ejesi, 33 ýaşyndaky Bibi Rahmanowa “galp” aýyplamalar esasynda, “bikanun” ýagdaýda türme tussaglygyna höküm edildi diýip, “Ýegowa şaýatlary” dini akymynyň resmi websaýtynda maglumat berilýär.

Garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmadyk maglumata görä, Rahmanowa 18-nji awgustda geçirilen sud diňlenişiginde “polisiýa işgärine hüjüm etmek” we “huligançylyk” aýyplamalarynda günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

“Ýegowa şaýatlary” dini akymynyň websahypasynda aýdylmagyna görä, şu ýylyň 5-nji iýulynda Bibi öz adamsy Wepa Tuwakow we ogly bilen birlikde Aşgabatdaky tanyşlary tarapyndan ugradylan dini edebiýaty we käbir şahsy emläkleri almak üçin Daşoguzyň wokzalyna baranynda, olaryň daşyny raýat eşigindäki alty sany erkek polisiýa işgäri gurşap alypdyr.

Bibi öz adamsy Wepa Tuwakow we ogly bilen

Bibi öz adamsy Wepa Tuwakow we ogly bilen

Polisiýanyň wekilleri olaryň kabul eden gutusynyň mazmunyny görkezmegini talap edipdirler. Haçanda gutudan bir noutbuk, ýagny göterme kompýuter we “Ýegowa şaýatlary” dini akymyna degişli käbir edebiýat çykanda, polisiýanyň işgäri olaryň üstüne paýyş sözler bilen gygyryp, ogullarynyň hem “ýetim galjakdygyny” aýdyp, haýbat atypdyr.

Bibi Rahmanowa polisiýanyň işgärleriniň bu hereketini el telefonynyň üsti bilen ýazga almaga başlaýar. Haçanda polisiýa işgäri mobil telefony Rahmanowanyň elinden aljak bolanda, ol ony öz köýneginiň aşagynda gizlemäge synanyşýar.

“Ýegowa şaýatlarynyň” websahypasyndaky maglumata görä, mundan soň polisiýanyň bir işgäri Rahmanowanyň saçyndan tutup, ony depip we ýenjip başlaýar. Polisiýanyň bir wekili Rahmanowanyň ellerini tutup, baglap duran mahaly, hukuk goraýjy edaranyň başga bir işgäri onuň köýnegini çekip, tenine gödeklik bilen el urup, mobil telefony alýar. Bibi bu hüjümlerden goranjak bolup tasansa-da, tussag etmä garşylyk görkezmändir we polisiýa hüjüm etmändir diýip, maglumatda nygtalýar.

Mundan soň Tuwakowlaryň maşgalasy ýerli polisiýanyň edarasyna eltilýär. Polisiýa işgärleri Wepa we Bibä el gatyp, olaryň öňünden taýýarlanyp goýlan beýanata gol çekmeklerini gazanjak bolsalar-da, bu synanşyklar hiç bir netije bermeýär.

Bibi tussag edilen gününiň ertesi ogly bilen öýüne goýberilýär. Wepa hem 11-nji iýulda azatlyga çykýar. Aradan birnäçe gün geçensoň, Daşoguz şäheriniň polisiýasy Bibä we Wepa garşy jenaýat işini gozgaýar.

6-njy awgustda Bibi Rahmanowa resmi taýdan aýyplama birdirilip, ol 18-nji awgustda geçen sud diňlenişigine çenli tussaglykda saklandy. Maglumata görä, Wepa Tuwakowa häzire çenli resmi taýdan aýyplama bildirilmändir.

Belläp geçsek, “Ýegowa şaýatlarynyň” resmi websaýtynda çykan ýokardaky maglumatlary beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak barşartmady. Bu hadysa dogrusynda Daşoguzyň polisiýa edarasyndan hem degişli kommentariý alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG