Sepleriň elýeterliligi

S.Koreýa: D.Koreýaly resmi Orsýete gaçdy


Günorta Koreýanyň neşirleri Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň şahsy maliýe meselelerini dolandyran ýokary derejeli resmisiniň Orsýete gaçandygyny habar berdiler.

“JoongAng Ilbo” gazeti adyny agzamadyk çeşmesine salgylanyp, 29-njy awgustda çap eden maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň Daesong Bankynyň ýokary derejeli wekili Yun Tae Hyong geçen hepdede Demirgazyk Koreýanyň serhediniň golaýynda Orsýetiň Nahodka portunda 5 million dollarly ýitirim bolupdyr.

Gazetde Ýunyň “gaçybatalga soran bolmagynyň mümkindigi”, Phenýanyň bolsa ony tussag edip, ýurduna iberilmegi üçin Orsýetiň häkimiýetlerinden ýardam sorandygy habar berildi.

“Reuters” agentliginiň maglumatyna görä, Günorta Koreýanyň Demirgazyk Koreýa bilen bileleşmek boýunça ministrligi bu mesele barada özüniň habarsyzdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň maliýe departamenti 2010-njy ýylda Daesong Bankyny Demirgazyk Koreýanyň “bikanun proýektlerini maliýeleşdirmek bilen baglylykda” gara sanawa saldy.

XS
SM
MD
LG