Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr


Kerim Gurbannepesow
Kerim Gurbannepesow

1-nji sentýabr türkmen halkynyň uly şahyry Kerim Gurbannepesowyň güni hökmünde ýatlanylýar. Bu senäni beýik şahyryň poeziýasyny söýüjiler, onuň döredijiligine hem ýokary ynsanlygyna hormat goýýanlar belleýär.

Meşhurlyk

Geçen asyr türkmen poeziýasynda ol ajaýyp şahyr, söz ussady hem talapkär redaktor-guramaçy hökmünde özüni tanatdy. Ol şahsyýet hökmünde-de seýrek adamlardan biri boldy. Örän hoşgylaw, gülmegi hem degişmegi başarýan adamdy.

K. Gurbannepesowyň abraýy halk içinde-de, intelligensiýa wekilleriniň arasynda-da örän ýokarydy. Ony ýaşlar gowy görýärdi. Sebäbi ol ýaşlaryň şahyrydy. Ony halk köpçüligi söýýärdi, sebäbi ol Hakdan içen hakyky halk şahyrydy. Oňa intelligensiýa wekilleri hormat goýýardy, sebäbi ol intelligensiýany oýlandyrýan hem haýran galdyrýan söz ussadydy. Alymlar onuň eserlerini höwes bilen öwrenýärdi. Sebäbi onuň eserlerinde deňeşdirere hem aýdara zat bardy. Hökümet-partiýa ýolbaşçylary-da şahyryň eserlerine aýratyn sarpa goýýardy. Sebäbi onuň eserlerinde hökümetiň öňe sürjek ideýalary aýdylýardy. Ol möhüm jemgyýetçilik ahlagy barada, döwlet derejesinde pikir ýöredip bilýärdi.

Boýun almak gerek, geçen asyrda Kerim Gurbannepesow ýaly köp okyjyly, halk köpçüligine şeýle özüni söýdüren başga biri bolmady. Her täze eseri bilen ol edebiýat älemini-de, okyjylary-da haýran galdyrdy.

Öz ýatlamalarynda aýdyşy ýaly, poeziýa gaty ir, baryp 10 ýaşynda gelenem bolsa, şahyr hökmünde 50-njy ýyllyryň aýaklarynda ykrar edildi.

Poemalar

Bu ilki “Taýmaz babadan” başlanypdy. 1957-nji ýylda SSSR Oktýabr Rewolýusiýasynyň 40 ýyllygyny giňden baýram etdi. Şol dabaranyň şanyna geçirilen edebi konkursda “Taýmaz baba” baýrak alýar hem emin agzalaryny haýran galdyrýar. Olar türkmen edebiýatynda şuňa meňzeş eseriň hiç haçan bolmandygyny aýdýarlar.

Eser täze bir usulda, örän çeper dilde beýan edilýär. Ol ýeňil hem diýseň akgynly okalýar.

Aýlansaň-da oba-oba,

Taýmaz ýaly bälçik baba

Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň,

Bir otursaň, gapdalyndan

Aňsat-aňsat gopaýmarsyň.

Belli edebiýat tankytçysy hem teoretigi Ö. Abdyllaýew “Taýmaz baba” poemasynyň setirler arasyndaky säginmeleri, bogun ölçeglerini derňäpdir. “Haýran galaýmaly, tutuş poema deň ölçegde ýazylypdyr, içki ölçeg hiç ýerde, asla ýeke setirde hem bozulmandyr” diýip, özüniň geň galmasyny aýdýardy.

“Taýmaz baba” diňe bizde däl, Soýuz derejesinde hem uly edebi waka bolupdy. Eseri rus diline terjime eden moskwaly şahyr Anisim Krongauz oňa döwrüň iň beýik eseri diýdi.

Taýmaz baba edebi hem halk gahrymanyna öwrüldi.

Soňra “Ata we ogul”, “Kyrk”, “Gumdan tapylan ýürek”, “Aýal bagşy” ýaly poemalary peýda boldy.

“Ata we ogulyň” ile ýaýran döwürlerinde, halk arasyna bir gürrüň ýaýrady. Hamana, şahyr: “Her ýylda bir poemany menden alyň” diýenmiş. Şahyr ýylda bolmasa-da ýylaşa diýen ýaly bir uly eser döretdi.

Aýdymlar hem goşgular

Hakykaty aýtsak, onuň goşgularydyr aýdymlary-da poemalaryndan pes bolmady. Eger bir ýylda dörän bir gowy goşgyny hem aýratyn eser saýsak, halk arasynda aýdylýanynyň jany bar diýmek boljak. Sebäbi onuň goşgularyna döredilen aýdymlar hem medeniýet älemindäki wakady, aýratyn täzelikdi.

“Altyň biri”, “Garap durka”, “Gök çaý”, “Pyragyny gören daglar”, “Türkmeniň”, “Gumly geli”, “Apat” ýaly aýdymlaryny ýatlalyň. Şahyryň eserlerine Sahy Jepbarow, Döwletgedi Ökdirow ýaly tanymal bagşylar, Aşyr Kulyýew, Nury Muhadow, Weli Ahmedow ýaly belli kompozitorlar aýdymlar döretdi.

Onuň galamynyň aşagyndan ençeme çuň mazmunly goşgular çykdy.

Zähmetkeş topragym, eziz topragym,

Waspyňy az edýäs heniz, topragym.

Biziň ýaly ýedi sagat işlemän,

Zähmet çekýäň gije-gündiz, topragym.

Öz teninden eşret ýasýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.

Ussatlyk

Şahyr dünýä edebiýatyndan saýlap-seçip, bir kitap terjime eserlerini halka ýetirdi.

Şahyryň A. Puşkinden eden terjimesinde şeýle setirler bar.

Eý, Muzam, kaýyl bolgun takdyryň permanyna,

Agzyňy deňemegin özüňden egsik bile.

Öwgümi ýa şyltakmy – bolmasyn perwaýyňa,

Sanaşma samsyk bile.

“Ýadygärlik dikindim” atly bu terjimäni şahyr Gökdepede ýaşulularyň arasynda okap beripdir. Şonda bir ýaşuly: “Bäý, biziň Magtymguludan eşitmedik goşgymyz bar ekeni” diýip geň galypdyr.

Ol şeýle şahyrdy. Üstesine başarjaň guramaşçy hökmünde ençeme jemgyýetçilik işini alyp bardy.

Şahyr 59 ýaşynyň içinde, 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiridir.

XS
SM
MD
LG