Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Rasmussen Moskwany aýyplaýar


NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen

NATO-nyň baş sekretary Russiýany Ukrainada “gönüden-göni harby operasiýalary geçirmekde” aýyplady. Şeýle-de Anders Fogh Rasmussen Moskwanyň bu ugurdaky inkär etmelerini “çyplak ýalan” diýip atlandyrdy.

Rasmussen bu barada NATO-nyň Ukrainadaky krizis bilen bagly 29-njy awgustda Brýusselde geçirilen gyssagly maslahatyndan soň çykyş etdi.

Ol “Rus esgerleriniň we harby tehnikasynyň serhetden bikanun geçendigi indi aýdyň” diýip belledi. Rasmussen munuň Ukrainany durnuksyzlaşdyrmak ugrundaky “howply bir ülňüdigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

Rasmussen Moskwanyň orsýetparaz seperatistleri tanklar, ok-däri, artilleriýa we raketa atyjylary bilen üpjün edendigini, şeýle-de Russiýanyň territoriýasyndan ukrain goşunlaryna garşy raketa hüjümlerini amala aşyrandygyny nygtady.

"Çaklama"

Mundan öň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çykyş edip, Moskwanyň Ukrainadaky krizise goşulandygy dogrusynda Günbataryň degerli delilleri getirip bilmändigini aýdyp, bu ugurdaky tassyklamalary diňe “çaklama” diýip atalandyrdy.

Rasmussen anna güni eden çykyşynda, eger-de Ukraina muny islese, onda onuň bir gün NATO-nyň düzümine girip biljekdigini hem aýtdy.

Bu beýanatdan öň premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk Ukrainanyň NATO agzalyk ýoluny saýlap almagyny goldamaga çagyryp, özüniň ýakyn wagtda parlamente ýüz tutjakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da Ýatsenýuk Ukrainanyň esasy maksadynyň ilki bilen Ýewropa Bileleşigine girmekdigini ýene bir gezek nygtady.

Bu aralykda rus prezidenti Wladimir Putin gündogar Ukrainanadaky çaknyşyklary “betbagtlyk” diýip atlandyryp, muny Ikinji jahan urşy döwründäki Leningradyň gabawy bilen deňeşdirdi.

29-njy awgustda Moskwanyň etegindäki çagalar lagerinde eden çykyşynda Putin ukrainlaryň we ruslaryň “iş ýüzünde bir milletdigine” ynanýandygyny hem aýtdy.

Ol çaknyşyklary bes etmek üçin Kiýewiň gozgalaňçylar bilen gepleşige geçmelidigini hem sözüne goşdy. “Olar degerli derejede gürleşmek islemeýärler, şu hem mesele” diýip, Putin tekrarlady.

NATO häzirki wagtda Ukrainada azyndan 1 000 töweregi rus harbylarynyň hereket edýändigini aýdýar.

BMG-niň täze ýaýradan hasabatyna görä, aprelden bäri gündogar Ukrainada 2 müň 600 gowrak adam öldürilipdir. Raportda bellenişi ýaly, sebitde “adam hukuklarynyň gödek bozulmasyna” ýol berlip, bu “aglaba” orsýetparaz separatistler tarapyndan amala aşyrylypdyr.

XS
SM
MD
LG