Sepleriň elýeterliligi

Türkmenleriň başyndaky uruş gowgasy


Amirlide soweş pozisiýasy. Yragyň howpsuzlyk güýçleri we meýletin türkmen söweşijileri, 4-nji awgust, 2014.

Amirlide soweş pozisiýasy. Yragyň howpsuzlyk güýçleri we meýletin türkmen söweşijileri, 4-nji awgust, 2014.

Günbatar metbugatynda Yragyň demirgazygyndaky Beşir obasynda, 11-12 iýul aralygynda, «Yslam döwleti» diýilýäniň jeňçileri tarapyndan 700 töweregi etniki türkmeniň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň öldürilendigi hakynda habarlar çykdy.

Şonuň bilen birlikde, Yragyň demirgazygyndaky türkmen şäheriniň, Amirliniň iýun aýyndan bäri «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň gabawynda saklanýadygy, gabawdaky adamlaryň bir tarapdan kemsiz ýaraglanan jeňçilere garşy goranyş söweşini alyp barýandygy, beýleki tarapdan ok ýarasyndan we azyk ýetmezçiliginden ölýändigi barada habarlar çykýar.

Azatlyk radiosy «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanyny Yrakda, Siriýada, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň başyna abanan uruş, gyrgynçylyk howplary baradaky meselä bagyşlady. Bu gepleşigi diňläp, öz pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG