Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Palestinada 400 ga ýeri alýar


Ysraýyl Palestinanyň basylyp alnan Günbatar kenarynda, Betlehemiň golaýynda 400 gektar çemesi ýeri almak planlaryny yglan etdi.

Ol ýeriň palestin eýelerine bu karara garşy delillerini Ysraýylyň Harby şikaýat komitetine tabşyrmak üçin 45 gün berildi.

Harbylar tarapyndan dolandyrylýan raýat adminstrasiýasy bu kararyň iýunda şu sebitde üç sany ysraýyl ýetginjegi öldürilenden soň kabul edilendigini aýtdy.

Ysraýyl bu ýetginjekleriň öldürilmeginde Hamazy günäleýär.

Ysraýylyň «Indi parahatçylyk» topary bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giňeldilmekçi bolýandygyny we munuň Ysraýyl-palestin konfliktiniň iki döwlet çözgüdine howp salýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG