Sepleriň elýeterliligi

Hoň-koňly aktiwistler boýun egmeýär


Hoň-koňdaky demokratiýa aktiwistleri «raýat boýun egmezligine» başlamagy wada berýärler.

Bu köpçülikleýin oturma protestlerini we şäheriň maliýe etrabyny eýelemegi hem öz içine alýar.

Bu protest Pekin saýlawlar üçin kandidat hödürlemegi açmakdan ýüz öwrenden soň güýçlendi. Hoň-Koňdaky demokratiýa aktiwistleri Pekinden saýlawçylara öz başlyklaryny kandidatlaryň açyk sanawyndan saýlamaga rugsat bermegini talap etdiler.

Emma Hytaý parlamentiniň hemişelik komiteti 31-nji awgustda kandidatlary açyk hödürlemeleri ýatyrmaly etdi.

Bu karar oppozisiýa liderleriniň kandidatlykda Hoň-Koň liderligi üçin bäsleşmeginiň öňüni alar.

XS
SM
MD
LG