Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ramadide 13 esger öldürildi


Janyndan geçen bombaçy Yragyň Ramadi şäherinde harby maşyny bir bina urduryp, azyndan 13 adamy öldürdi.

Yrak polisiýasy Rmadiniň merkezindäki dokuz gat binanyň Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň bazasy hökmünde ulanylýandygyny aýdýar.

Polisiýa 17 adamyň ýaradar bolandygyny hem habar berdi. Yrak güýçleri günbatardaky Ramadi we Falluja şäherlerinde ýanwardan bäri "Yslam döwletiniň" jeňçilerine garşy söweşýärler.

«Yslam döwleti» we olaryň sünni tire ýaranlary Falluja kontrolluk edýärler, emma Ramadi iki bölünen we söweş günde dowam edýär.

XS
SM
MD
LG