Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidenti gaz problemasyny çözýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurduň gaz üpjünçiligni berkitmek planlaryny aýan etdi.

Atambaýew bu barada 31-nji awgustda, ýurduň garaşsyzlyk gününde çykyş edip, Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň 1-nji oktýabrda Gyrgyzystana gaz satyp başlajagyny aýtdy.

Rus gazynyň her müň kub metri 165 dollardan bolar. Gyrgyzystan goňşularyna her müň kub metr gaz üçin 224 dollar töleýärdi.

Gazprom şu ýylyň başynda Gyrgyzystanyň döwlet gaz kompaniýasyny simwoliki bahadan, 1 dollara satyn aldy we bu ýurduň gaz infrastrukturasyna ýüz millionlap dollar maýa ýatyrmagy wada berdi.

Atambaýew Gazpromuň Gyrgyzystanyň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän geçiriji gurjagyny we ýurtda gaz gözleg-agtaryş işlerini geçirjegini aýtdy.

Gyrgyzystan özbek gazyny satyn alýardy, soňky wagtlarda bolsa Gazagystandan hem gaz alyp başlady.

Gyrgyz resmileri ilata gyşa kömür toplamagy maslahat berdiler, Atambaýew Gazpromuň proektleriniň 2016-njy ýyla çenli tamamlanyp bilmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG