Sepleriň elýeterliligi

Heýgel Gürjüstana sapar etmekçi


Pentagon goranmak sekretary Çak Heýgeliň, geljek hepde Weýlsde NATO sammitine gatnaşandan soň, Gürjüstana sapar etjegini aýdýar.

Heýgel Weýlsdäki NATO sammitinden başlanjak alty günlük saparyna 3-nji sentýabrda ugrar.

Sammitde liderler Ukrainadaky we Ýakyn gündogardaky krizisleri we ýaranlygy geljekde has-da güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Pentagonyň sözçüsi Heýgeliň sammitden soň NATO-nyň agzasy bolmaga çalyşýan Gürjüstana barjagyny, soňra Türkiýä sapar etjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG