Sepleriň elýeterliligi

Amirliniň gabawy böwsüldi


Resmiler yrak goşunlarynyň, şaýy milisiýasynyň we kürt peşmerge söweşijeleriniň goldawy bilen, demirgazykdaky şaýy şäheri Amirlä girendigini aýdýarlar.

Bu şäher «Yslam döwleti» tarapyndan iki aýdan gowrak wagt bäri gabawda saklanýardy. Ýerli resmiler we goşun ofiserleri goşunlaryň bu gabawy 31-nji awgustda böwsendiklerini aýdýarlar.

Bu operasiýa birnäçe gün görlen berk taýýarlykdan soň, 30-njy awgustda başlandy. Müňlerçe adam iýun aýyndan bäri azyk-suwluksyz bir şähere gabalyp saklandy.

ABŞ 30-njy awgustda Amirli töweregine üç sany howa zarbasyny urdy we ýokardan şäheriň ýaşaýjylaryna ynsanperwer kömek taşlady

XS
SM
MD
LG