Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yslamabatda protestçiler, polisiýa çaknyşdy


Pakistanyň paýtagtynda hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasynda ýene çaknyşyk boldy.

Premýer-ministr Nawaz Şarifiň işden çekilmegine çagyrýan demonstrasiýalar dowam edýär.

1-nji sentýabrdaky habarlarda daş we taýak bilen ýaraglanan protestçileriň polisiýanyň hatarlaryny böwsüp, premýer-ministriň rezidensiýasyna barmaga çalşandyklary aýdylýar.

30-njy awgustda Şarifiň rezidensiýasyna zabt etmäge edilen synanyşykda 3 adam öldürildi, ýüzlerçe adam ýaralandy.

Pakistanyň harbylary 15-nji awgustda başlanan gapma-garşylygy çözmek barada protestçilere we häkimiýetlere duýduryş berdi.

Bu protest oppozisiýa lideri Imran Hanyň we meşhur ruhany Tahir ul-Kadriniň müňlerçe tarapdary tarapyndan başlanyldy.

Harbylar döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmelikdiklerini aýdýarlar. Protestçiler Şarifi 2013-nji ýylda özüni häkimiýete getiren saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG