Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Rus goşunlary Ukraina goşulyşmaz"


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 1-nji sentýabrda rus goşunlary Ukraina goşulyşmaz diýdi.

Kiýew bilen Günbatar onuň eýýäm şeýle edendigini aýdýarlar. Lawrow daşary syýasaty öwrenýän studentlere gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistleriň aprelden bäri hökümet goşunlaryna garşy uruşýan ýerinde Orsýetiň harby goşulyşmasy bolmaz diýdi.

Bu konfliktde 2600-den gowrak adam öldi. NATO golaýda Ukrainada müň çemesi rus esgeriniň bardygyny aýtdy.

Lawrow 1-nji sentýabrda Minskdäki duşuşyga gatnaşanlara bu ýerde ýaraşyk baglaşmagyň zerurdygyny, emma ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň separatistleriň ýaragsyzlanmagyny we özlerini ýok etdirmegini talap edýändigini aýtdy.

Ol ABŞ bilen ÝB Kiýewi goşunlaryny asuda adamlary tüpeňläp biljek pozisiýalardan yza çekmäge çagyrmaly diýdi.

XS
SM
MD
LG