Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Beslan pidalary ýatlanýar


Orsýetde müňlerçe adam Beslan şäherinde on ýyl mundan ozal bolan betbagtçylygyň pidalaryny ýatlamaga ýygnandy.

Beslan mekdebi zamun alnanda 334 adam, şol sanda 186 çaga öldürilipdi.

2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda yslamçy pitneçiler okuw ýylynyň ilkinji gününde 1100 çagany we olaryň mugallymlaryny zamun alyp, goňşy Çeçenistandan goşunlaryň çykarylmagyny talap edipdiler.

Pidalaryň köpüsi partlamalarda ýa-da üç güne çeken gapma-garşylygyň soňundaky atyşykda, Orsýetiň ýörite güýçleri mekdebe zabt edende öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG