Sepleriň elýeterliligi

Lugansk: Harbylar aeroporty terk etdiler


Ukrain harbylary

Ukrain harbylary

Ukrainanyň harby resmileriniň berýän maglumatyna görä, hökümet güýçleri orsýetparaz separatistler bilen çaknyşykdan soň, Lugansk şäheriniň aeroportyndan yza çekilmeli bolupdyrlar.

Harby sözçi Andriý Lysenko esgerleriň 1-nji sentýabrda aeroportdan “guramaçylykly yza çekilendigini” aýtdy. Lysenko muňa ukrain esgerleriniň pozisiýasynyň “Rus harby güýçlerine degişli professional artilleriýa top okuna tutulmagy” diýip atlandyran güýçli hüjüminiň sebäp bolandygyny nygtady.

Bu aralykda goňşy Belarusyň paýtagtynda Ukrainadaky krizisi maslahat etmek üçin ukrain, rus resmileri, şeýle-de ÝHHG-niň we separatistleriň wekilleri duşuşdylar.

Gozgalaňçylar aprel aýyndan bäri hökümet güýçlerine garşy söweşip gelýärler. BMG-niň maglumatyna görä, bu konfliktde häzire çenli 2,600-den hem köpräk adam öldürilipdir.

Welaýatyň paýtagt şäherleri Lugansk we Donetsk jeňçileriň ellerinde galýar.

Soňky günlerde seperatistler Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy uruşda öňegidişlikleri gazanýana meňzeýär.

31-nji awgustda konfliktiň Azow deňzine çenli ýetendigi hem habar berildi. Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, gozgalaňçylar hökümetiň gözegçi gämisini gury ýerden artilleriýa toplaryndan oka tutupdyrlar. Wakada iki deňizçiniň dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Aýyplamalar

Kiýew we Günbatar Moskwany Ukraina öz harbylaryny ýollamakda we separatistlere ýardam bermekde aýyplaýarlar. Kreml bulary inkär edip gelýär.

Geçen hepde NATO Ukrainada 1,000 çemesi rus harbysynyň bardygyna ynanýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama muny Moswkanyň Ukraina garşy “dowam edýän hüjümi” diýip atlandyrdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 1-nji senýabrda çykyş edip, soňky günleriň wakalary Russiýanyň Ukraina garşy “göni we açyk agressiýa” başlandygyny görkezýär diýdi.

Emma Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 1-nji sentýabrda çykyş edip, gündogar Ukraina hiç hili “harby taýdan girmegiň” bolmajakdygyny aýtdy.

Gündogar Ukrainadaky konflikt Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmeginden soň başlandy. Munuň netijesinde Russiýanyň ABŞ we ÝB bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdy.

Günbatar ýurtlary Russiýa garşy wiza we söwda sanksiýalaryny girizdiler. Moskwa muňa jogap edip Günbataryň azyk importlaryny togtatdy.

Putin 1-nji sentýabrda çykyş edip, sanksiýalaryň soňlanmagyny görmek isleýändigini duýdurdy.

Ol: “Men akyl-paýhasyň üstün çykyp, biziň adaty, döwrebap görnüşde işleşjekdigimize umyt edýärin. Şeýle edilse, birek-birege sanjylýan iňňelerden ne biz, ne-de biziň hyzmatdaşlarymyz ejir çeker” diýdi.

XS
SM
MD
LG