Sepleriň elýeterliligi

Greçuhin: Kanun şahsy emläge kepil geçýär


Kondisionerler oturdylýar, Türkmenistan

Kondisionerler oturdylýar, Türkmenistan

Hususy emläk diýmek, näme diýmek? Raýatyň şahsy emläginiň eldegrilmezligi näme? Türkmenistanda raýatlaryň şahsy emläginiň eldegrilmezligi haýsy kanunlar esasynda kepillendirilýär? Bu sowallara türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin jogap berýär.

Azatlyk Radiosy: Hususy emläk we onuň eldegrilmezligi barada kanun taýdan düşündiriş beräýseňiz. Bu näme?

Ýewgeniý Griçuhin: Hususy emläk, bu raýatyň şahsy emlägidir. Hususy emlägiň mukaddesligi we eldegrilmezligi Türkmenistanyň konstitusiýasynda kepillendirilýär. Raýat hususy emläkden diňe kanunyň çäginde we resmi düzgünleriň esasynda mahrum edilip bilinýär. Türkmenistanyň kanunlarynda adamlaryň hususy emläginiň nämedigi barada aýdylýar. Bu ýaşamak üçin binalar, transport serişdeleri, tebigy baýlyklar, suw resurslary bolup bilýar. Mellek bolsa ýurtda köplenç hususy eýeçilige däl-de, uzakmöhletli ulanyşa berilýär. Raýaty hususy emläkden diňe kanun esasynda mahrum edip bolýar we bu Jenaýat Kodeksi tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Azatlyk Radiosy: Raýatlaryň hususy emlägi ýene haýsy kanunlar tarapyndan kesgitlenýär we düzgünleşdirilýär?

Ýewgeniý Griçuhin: Ikinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Graždan Kodeksi tarapyndan. Türkmenistanda raýatlar hususy emläginiň esasynda kärhanalary döretmäge-de hukukly. Bu hususy kärhana bolup bilýär, ýa-da ýuridiki taýdan edara döretmezden hususy telekeçilik hem bolup bilýär, hususy hojalyk jemgyýeti-de bolup bilýär.

Azatlyk Radiosy: Adamlaryň hojalykdaky zatlary, öý goşlary hem raýatlaryň şahsy emlägi hökmünde eldegrilmesiz hasaplanýarmy?

Ýewgeniý Griçuhin: Bu gowy sorag, bu ýerde nika-maşgala kanunçylygyny hem agzamak mümkin. Emma bu kanunda maşgaladaky emlägiň maşgala agzalarynyň arasynda kime degişliligini kesgitleýär. Aslyýetinde raýatlaryň öý goşy, elbetde, olaryň hususy emlägi we ol eldegrilmesizdir.

Azatlyk Radiosy: Anyk mysallara göz aýlasak, Türkmenistanda, meselem, öň ýaşaýyş jaýlaryndan telewizion antennalar köp aýrylan bolsa, şu günler häkimiýet tarapyndan kondisionerler aýrylýar. Jaýlaryň aýnalarynda duran kondisionerler eldegrilmesiz hususy emläkmi?

Ýewgeniý Griçuhin: Hawa, bu maşgalanyň hususy emlägidir. Bu jaýda ýaşaýan adamlaryň hususy emlägidir. Bilşime görä, adamlara kondisionerleri aýyrmak teklip edilýär. Adamlaryň özleriniň aýyrmadyk halatynda, häkimiýetler olary diňe ýörite resmi karar esasynda aýryp bilýär. Bu hökümet derejesinde gol çekilen dokument, ýa-da häkimiň permany bolup biler. Şeýle perman bolan halatynda-da, ol Türkmenistanyň kanunlaryna laýyk gelmeli.

Azatlyk Radiosy: Kondisionerleri aýyrmak barada ýörite perman häzir barmy?

Ýewgeniý Griçuhin: Şeýle kararyň bardygy meniň özüme-hä mälim däl.

Azatlyk Radiosy: Kararyň bolmadyk ýagdaýynda häkimligiň işgärleriniň baryp, jaýlardan kondisionerleri aýryp başlamagy bikanunçylykmy?

Ýewgeniý Griçuhin: Eger bu çäre kanun esasynda düzgünleşdirilmedik bolsa, bu, elbetde, bikanunçylyk. Adamlara häkimiň gol çeken permanyny ýa-da hökümetiň, prezidentiň kararyny görkezmeli. Adamlara şeýle çäreleriň haýsy dokumentiň esasynda edilýändigini düşündurmeli.

XS
SM
MD
LG