Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe düşündiriş isleýär


Türkiýe Birleşen Ştatlardan metbugatdaky içalçylyk habarlary babatda düşündiriş talap edýär, ol habarlarda Waşingtonyň türk liderlerini gözegçilikde saklandygy aýdylýar.

Premýer-ministriň orunbasary Bulent Arinç 1-nji sentýabrda Birleşen Ştatlaryň Ankaradaky jogapkär diplomatyny çagyryp, düşündiriş talap etdi.

Germaniýanyň "Der Spiýegel" žurnaly 31-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk gullugynyň türk ýolbaşçylaryna 2006-njy ýyldan bäri gerimli elektron gözegçiligini edýändigini ýazdy.

Žurnal bu maglumaty häzir gaçgaklykda ýaşaýan ozalky howpsuzlyk işgäri Edward Snowdene salgylanyp ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG