Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýörite goşun döretmekçi


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şu hepde ýaranlygyň ýolbaşçylaryndan Gündogar Ýewropada, agza döwletlere abanýan howp-hatarlardan goranmaga kömek etmek üçin, ýokary taýýarlyk güýçlerini döretmegi tassyklamak soralar diýdi.

Rasmussen 1-nji sentýabrda Brýusselde «naýzabaşy» goşunyň birnäçe müň esgerden ybarat bolup, NATO-nyň 28 ýurdunyň gezekli hyzmatdaşlygynda saklanyljagyny aýtdy.

Ol bu goşunyň, Harby howa we deňiz güýçleriniň goldawy arkaly, gerek ýerine gysga wagtda eltilip biljekdini aýtdy.

Rasmussen NATO-nyň Orsýet bilen 1997-nji ýylda, ýaranlygyň Gündogar Ýewropada bolmagyny çäklendirmek barada baglaşan ylalaşygyny bozmajagyny hem nygtap geçdi.

Bu beýanat NATO-nyň Weýlsde 4-nji sentýabrda başlanjak sammitiniň öň ýanyndan eildi.

XS
SM
MD
LG