Sepleriň elýeterliligi

Maliki Amirlä sapar etdi


Yragyň iş başyndan gidýän premýer-ministri Nuri al-Maliki 1-nji sentýabrda azat edilen Amirli şäherine sapar etdi.

Maliki döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoýazgyda esasan şaýy türkmenlerinden ybarat ilaty «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň iki aýlyk gabawyna garşy durmakda taryp etdi.

Maliki Yragyň «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri üçin «ullakan gabrystana» öwrüljegini wada berdi.

Kürt peşmerge güýçleri, hökümet goşunlary, Birleşen Ştatlaryň howa zarbalarynyň goldawy astynda, 31-nji awgustda Amirliniň gabawyny böwsüp, «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini etrapdan gysyp çykardylar.

Bu ýeňişde eýranlylaryň hem goşandynyň bolandygy, olaryň ýarag we harby planlaşdyrma babatda kömek edendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG