Sepleriň elýeterliligi

Kiýew 680 esgeriniň ýesirdigini aýdýar


Kiýew resmileri soňky günlerde gündogardaky Donetsk sebitinde orsýetçi separatistler tarapyndan 680 çemesi ukrain esgeriniň ýesir alnandygyny aýdýarlar.

Bu habar ukrain goşunlarynyň pitneçileriň kontrollugyndaky Luhansk şäheriniň aeroportuny elden gideren wagtyna gabat geldi.

Ýesirleri alyş-çalyş etmek merkeziniň başlygy Wolodimir Ruban 1-nji sentýabrda esgerleriň 80 prosent çemesiniň Ilowaýsk töwereginde, gündogar Donetskde ýesir alnandygyny aýtdy.

Bu ýerde geçen hepde ýüzlerçe ukrain esgeri gabawa düşüpdir. Goşun sözçüsi Andriý Lisenko 1-nji sentýabrda Luhansk aeroportundaky esgerleriň guramaçylykly yza çekilendiklerini aýtdy.

Lisenko bu sebitde rus ýaragly güýçleriniň professional topçularynyň separatistlere ýardam berýändigini aýtdy. Lisenko goşunlaryň bu ýerde rus tank batolýonlary bilen söweşýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG