Sepleriň elýeterliligi

AI "Yslam döwletini" günäleýär


Hukuk topary Amnesti Internaşnl 2-nji sentýabrda çap eden hasabatynda «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň demirgazyk Yrakda «yzygider etniki arassalaýyş geçirmekde» günäkärdiklerini aýtdy.

Hasabatda gyrgynçylykdan gutulan şaýatlaryň beren gürrüňleri esasynda «depe saçyňy» düýrükdirýän mysallar getirilýär.

Halkara günä geçiş guramasy bu deliller «Yslam döwletiniň» söweşijileriniň «uruş jenaýatlaryny» edendigini görkezýär diýýär.

Şeýle-de hasabatda 3-nji awgustda Kiniýe obasynda, 15-nji awgustda Koço obasynda öldürilenleriň sany «ýüzlerçe» diýilýär.

Şeýle-de «Yslam döwletiniň» Sinjar töweregindäki obalary arap we sünni musulman bolmadyklary yzarlamagyň we öldürmegiň ganly meýdançasyna öwrendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG