Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Putiniň sözleriniň “mazmuny ýoýuldy”


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Italiýanyň “La Repubblica” gazeti 1-nji sentýabryndaky sanynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroza “Eger-de men islesem, Kiýewi iki hepdäniň içinde alaryn” diýen sözlerini getirdi.

Makalanyň mazmunyndan gelip çykýan netijä görä, Putin muny Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň Ukrain krizisindäki roly üçin girizip biljek goşmasa sanksiýalaryna jogap hökmünde aýdypdyr.

Putiniň bu kommentarisini Barrozo 30-njy awgustda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen geçiren sammitiniň dowamynda mälim edipdir. Bu duşuşykda, eger-de Moskwa Ukrainadan goşunyny yzyna çekmese, onuň garşysyna goşmaça gadagançylyklary girizmek barada ylalaşylypdyr. NATO-nyň çaklamalaryna görä, häzirki wagt Ukrainada 1,000-den gowrak rus harbysy bar.

"Başga many"

Putiniň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli kömekçisi Ýuriý Uşakow 2-nji sentýabrda çykyş edip, Putiniň bellikleriniň “ýoýlup alnandygyny we onuň asyl tekstde düýbünden başga many berýändigini” öňe sürdi.

Ol bu baradaky kommentarisinde agzalýan sözleriň “aýdylandygyna ýa-da aýdylmandygyna garamazdan”, şahsy gepleşikleriň jikme-jikliginiň “möhüm syýasy şahs tarapyndan aýan edilmegine degmeýändigini” hem sözüne goşdy.

Putiniň ozalky diýenleri-de Russiýanyň Ukraina babatda alyp barýan syýasatyndan howatyrlanmalary artdyrypdy.

Russiýa şu ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy. Günbatar Moskwanyň Donetsk we Lugansk regionlaryndaky orsýetparaz separatistleri goldamaýandygy baradaky tekrarlamalaryny inkär edýär.

Putin 31-nji awgustda günorta-gündogar Ukrainanadaky territoriýanyň “döwletlilik” meselesi boýunça gepleşiklere başlamaga çagyrdy. Munuň yzy bilen onuň metbugat werkili bu beýanatyň Moskwa jeňçileriň gözegçiligindäki ýerleriň garaşsyzlygyny kepillendirýär diýen manyny bermýändigini aýdyp, çykyş etdi.

"Goldaw"

Kiýewiň günbatarçy hökümetiniň aýtmagyna görä, geçen aý ýeňlişe golaý bolan separatistleriň häzir öňegidişlikleri gazanyp başlamagyna Russiýanyň berýän harby hemaýaty sebäp bolýar.

1-nji sentýabrda hökümet güýçleri Luganskyň aeroportundan çekilmeli boldular. Şeýle-de, gelip gowuşýan wideolardan çen tutulsa, harbylar Donetskiň aeroportundan hem çekilipdirler.

Ukrainanyň harby sözçüsi Andriý Lysenko 2-nji sentýabrda çykyş edip, soňky 24 sagadyň içinde harby gullukçylaryň hataryndan 15 adamyň öldürilendigini we 49 sanysynyň ýaralanandygyny mälim etdi.

BMG-niň bosgunlar edarasynyň metbugat wekili Winsent Koçeteliň 2-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Ukraindaky konflikt sebäpli jaýlaryny terk etmeli bolan adamlaryň sany soňky üç hepdäniň içinde iki esse artyp, ol 260,000-e golaýlapdyr.

Aprel aýyndan bäri dowam edýän söweşlerde 2,600 töweregi adam ölüpdir.

XS
SM
MD
LG