Sepleriň elýeterliligi

Suzdaltsew: Türkmenistan bilimde örän yzda


Andreý Suzdaltsew

Andreý Suzdaltsew

Türkmenistanda täze açylan Gumanitar ylymlar we ösüş boýunça halkara uniwersiteti tölegli bolar we bu ýerde okuwlar iňlis dilinde okadylar. Türkmen resmileri bu täze ýokary okuw jaýyny açyp, ylymy we bilimi halkara derejesine çykarmagyň hökümetiň ileri tutýan maksady bolup durýandygyny aýtdylar.

Eýsem bilimiň halkara derejesi nämäni göz öňünde tutýar? Bu meselede dünýä derejesinde ykrar edilen umumy standartlar barmy? Azatlyk Radiosy bu barada Moskwanyň iň abraýly uniwersitetleriniň biriniň, Ykdysadyýetiň ýokary mekdebiniň Halkara ykdysadyýeti we dünýä syýasaty fakultetiniň dekanynyň orunbasary Andreý Suzdaltsew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýokary bilime degişli dünýä derejesinde ykrar edilen umumy standartlar barmy?

Andreý Suzdaltsew: Ýok, bu boş gürrüň bolýar. Birinjiden, bellemeli zat, Türkmenistanda halkara uniwersitetiniň döredilmegi paýhasly karar. Sebäbi islendik ýurtda ýaşlar gowy bilim almaga çalyşýarlar we şu sebäpden daşary ýurtlara gidýärler. Häzirki wagtda postsowet ýurtlarynda has gowy we ösen uniwersitetler köp döredilýär, bu ýaşlary ýurtda saklamak üçin edilýär. Emma munuň oňyn netije berjegini öňünden aýdyp bolmaýar.

Meselä ikinji tarapdan seredilende, umumy halkara standartlarynyň ýokdugyny bellemeli. Bolonskiý prosesi diýlip atlandyrylýan düzgün bar. Bu düzgüne Orsýet hem geçdi. Munuň öz kemçilikleri-de bar, biziň bilim sistemamyza gabat gelmeýän taraplary-da bar. Emma tutuş dünýäde, ilkinji nobatda-da günbatar ýurtlarynda ykrar edilen düzgüne bizde-de zerurlyk bar. Şeýle standart boýunça öz ýurdunda bilim alan ýaşlar ýurduň daşynda-da işläp bilýärler, ýagny bu mümkinçilik ýaşlaryň soň öz ýurduny terk etmegine hem şert döredýär.

Şeýlelikde, milli bilimi halkara standartlaryna laýyk getirmek meselesiniň çylşyrymly taraplary köp we bu ýerde deňagramlylyk tapmak kyn bolýar. Bu sistemanyň ornaşdyrylmagy şu çaka çenli hiç bir postsowet ýurdunda, şol sanda Orsýetde-de öňyn geçmedi.

Azatlyk Radiosy: Bolon prosesi barada düşündiriş beräýseňiz. Onuň nähili aýratynlygy bar?

Andreý Suzdaltsew: Bu belli zatlar, bu ýerde kompetentlik derejesini, ýagny ýokary okuw jaýyny gutarýan adamyň bilim we hünär taýdan ukybyny görkezýän derejäni bellemek gerek. Ikinji aýratynlygy, bilim derejesi iki tapgyra, ýagny bakalawriata we magistratura bölünýär. Bakalawriat umumy zerur tapgyr bolýar, magistratura bolsa islege görä saýlanýar.

Azatlyk Radiosy: Halkara bilim standartlarynyň ornaşdyrylmagynyň üstünlikli bolmagy nämä bagly?

Andreý Suzdaltsew: Bakalawriatyň üstünlikli bolmagy barada men eşitmedim, emma magistrlik programmalary üstünlikli bolýar. Meselem, orsýet-britaniýa, orsýet-fransiýa we beýleki bilelikdäki programmalar häzirem köp, studentler bir ýyl bir ýurtda, soň beýleki ýurtda gezek-gezegine okap, gowy bilim alyp bilýärler. Türkmenistanda bilelikdäki programmalar Türkiýäniň bilim sistemasy bilen bilelikde üstünlikli bolup bilerdi. Türkiýäniň ösen bilim sistemasy bar, onuň tejribesi peýdaly bolup bilerdi. Emma Türkmenistanda günbatar döwletleri bilen üstünlikli bilim programmalarynyň amala aşyrylyp bilinjegine men şübheli garaýaryn, sebäbi taýýarlyk derejesi gaty yzda.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda täze açylan halkara uniwersitetinde halkara standartlary göz öňünde tutulan hem bolsa, berilýän bilimiň TürkmenIstanyň öz milli okuw programmasyna esaslanylan ýagdaýynda, siziň pikiriňizçe, halkara bilim derejesi barada aýdyp bolarmy?

Andreý Suzdaltsew: Elbetde ýok, bu boş gürrüň, reklama.

XS
SM
MD
LG