Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Greçuhin: Göni suda ýüz tutmaly


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňündäki heýkel, Aşgabat.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňündäki heýkel, Aşgabat.

Türkmenistanda raýatlar hususy emlägiň eldegrilmezlik hukugy bozulanda näme etmeli? Olar adalaty gözläp nirä ýüz tutmaly we hukugyny nädip talap etmeli? Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, raýatlar öz hususy emlägine el degrilen ýagdaýynda näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Eger adamlar ýerli resmileriň, şäher häkimliginiň ýa-da etrap häkimliginiň işgärleriniň, meselem, jaýlardan sowadyjylary bikanun aýrandygyna ynanýan bolsalar, olar bu işi etmek üçin gelýänlerden düşündiriş, ýagny munuň näme esasda edilýändigini soramaly. Eger takyk düşündiriş berilmese, şaýatlaryň görkezmelerini toplamaly, aýrylan guralyň markasyny, başga-da näme bar bolsa, ähli maglumatlary toplap, suda ýüz tutmaly. Netije kanagatsyz bolsa-da zyýany ýok. Has ýokardaky edara ýüz tutup bolýar. Türkmenistanda bu ugurdan ýörite kanun hem bar.

Azatlyk Radiosy: Bu nähili kanun?

Ýewgeniý Greçuhin: Bu 1997-nji ýylyň kanuny. Döwlet dolandyryş organlarynyň işgärleriniň bikanun hereketlerinden arz etmegiň tertibi baradaky kanun häzire çenli güýjünde galýar.

Azatlyk Radiosy: Nähili dokumentleri toplamaly?

Ýewgeniý Greçuhin: Ýönekeý arza, ýa-da talap arzasy bilen ýüzlenmeli. Üstesine, kondisionerler oturdylanda adatça ussa çagyrylýar. Edilen çykdajylaryň kwitansiýalaryny hem tapyp arza goşmaly. Suda ýüz tutmakdan çekinmeli däl. Elbetde, bu wagty talap edýär, uzaga çekip bilýär, ýöne häkimiýetleriň hereketlerinden nägile bolan raýatlar suda ýüz tutanda, resmi kagyza eýe bolýarlar.

Sud raýatyň talabyny kanagatlandyrmaýan karary çykaranda, şol karary kanunyň çäginde delillendirmäge borçly bolýar. Sud özüne ýüz tutan raýatyň, ýa-da onuň aklawçysynyň, ýa-da maslahat berýän ýuristiň talabyna laýyklykda, bikanun hereket etmekde aýyplanýan häkimiýetlerden olaryň öz hereketlerini düşündirmegini hem talap etmäge borçly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Sud arz edýäniň talabyny kanagatlandyran ýagdaýynda, raýatlar näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Şeýle ýagdaýda sud öz karary bilen raýatyň depelenen hukugyny dikeldýär. Meselem kondisionerleri aýranlar gelip, olary ýerine oturtmaly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň käbiri suduň kararynyň häkimiýetler tarapyndan iş ýüzünde berjaý edilmeýän halatlarynyň bolýandygyny gürrüň berýärler. Şeýle bolanda näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Ýene suda ýüz tutmaly. Bellemli zat, häkimlikler ýa-da raýatyň şikaýatynda görkezilen beýleki edaralaryň işgärleri suda çagyrylýar. Olara-da suduň karary gowşurylýar. Eger-de suduň karary ýerine ýetirilmese, suduň kararyny ýerine ýetirmek boýunça görkezme berilýär we suduň ýerine ýetiriji wekilleri ony berjaý edýärler. Şeýle ýagdaýda raýatlaryň häkimlige-de, başga ýere-de gitmäge zerurlygy ýok.

Men raýatlaryň islendik emlägine el ýetirilen halatynda, olara göni suda ýüz tutmagy maslahat berýärin. Raýat öz jaýy, garažy bikanun ýumrulan diýip hasap edýän bolsa, meniň pikirimçe, hiç bir edara baryp ýörmeli däl-de, göni suda ýüzlenmeli. Bolan ýagdaýyň sebäpleri, munuň näme üçin şeýle bolandygy suduň kararyndan anyk mälim bolýar. Ýa-da sud raýatyň emlägine degişli bikanun hereketiň edilendigini kesgitläp, bu barada karar çykarýar.

XS
SM
MD
LG