Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Žurnalistiň ölümini görkezýän wideo hakyky


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşi ABŞ-nyň žurnalistiniň “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan kellesiniň kesilmegini görkezýän wideonyň hakykydygyny aýtdy.

Bu barada Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat-wekili Kaitlin Haýdeniň 3-nji sentýabrda eden çykyşynda aýdyldy.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri 31 ýaşly Stewen Sotloffyň kellesiniň kesilmegini görkezýän wideony ýaýratdy. Sotloff 2013-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Siriýada ogurlanypdy. Wideoda ýüzi nikaply söweşiji Sotloffyň öldürilmeginiň “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň Siriýada we Yragyň demirgazygynda basylyp alan giňişlikleriň ABŞ-nyň howa hüjümlerine sezewar edilmegine jogap bolandygyny aýdýar.

Bu wideo amerikan žurnalisti James Foleýiň öldürilmegini görkezýän wideonyň peýda bolmagyndan iki hepde soň ýaýradyldy.

Söweşijiler Britaniýanyň raýaty Dawid Haines diýlip tanadylan ýene bir zamuny öldürmek barada haýbat atdylar.

XS
SM
MD
LG