Sepleriň elýeterliligi

Putiniň ýadro türgenleşik plany bar


Orsýetiň strategik ýadro arsenalyna jogapkär güýçleri şu aýda dört müňden gowrak esgeriň gatnaşmagynda uly türgenleşikleri geçirerler.

Orsýetiň Goranmak ministrligi NATO-nyň Walesdäki sammitinden bir gün öň 3-nji sentýabrda eden beýannamasynda türgenleşikleriň Hytaý, Gazagystan we Mongoliýa bilen serhetdeş Altaý regionynda geçiriljekdigini aýtdy.

Türgenleşiklere howa güýçleriniň, MiG-31 söweş uçarlarynyň we Su-24MR uçarlarynyň gatnaşdyryljakdygy aýdylýar.

Orsýet we NATO Ukrainada hökümet güýçleriniň we Orsýete tarapdar separatistleriň arasynda söweşleriň başlanmagyndan bäri harby türgenleşikleri geçirýärler.

Putin ýakynda eden çykyşynda Orsýetiň uly ýadro arsenalyna eýedigini ýatlatdy.

XS
SM
MD
LG